Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagy babatda ylalaşygyň gazanylmagy türkmen gazynyň Günbatara iberilmegine mümkinçilik döredýär. Bu barada Amerikanyň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisiniň ozalky orunbasary Metýu Braýza Report azerbaýjan saýtynyň soraglaryna beren jogabynda aýtdy.
Diplomat şeýle diýdi: «Bularyň ählisi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda «Dostluk» nebit-gaz ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda ylalaşygyň gazanylmagynyň netijesinde mümkin boldy. «Dostluk» ýatagy baradaky jedel syýasy päsgelçilik bolupdy we ýeke bir nebit we gaz ulgamynda däl, eýsem, beýleki birnäçe meseleler boýunça-da iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga päsgelçilik döredipdi. Indi şol päsgelçilikler aradan aýrylansoň bazar, ykdysady gatnaşyklarynyň serişdeleri ýeke bir «Dostlukdan» däl, Hazar deňziniň türkmen böleginiň birinji toplumyndanam tebigy gazyň Günbatara eksport edilmegine mümkinçilik berer».
Onuň sözlerine görä, Azerbaýjan türkmen gazyny ýurduň içinde, ylaýta-da, gaty çalt ösýän nebit-himiýa senagatynda ulanmak üçin satyn almaga çalyşýar. Türküýe bolsa eýýäm 30 ýyl bäri Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn almaga isleg bildirip gelýär.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça ýaňy-ýakynda geçen Halkara maslahatynyň netijelerine baha berip, Braýza bu forumyň Uly Hazar hem-de onuň çäginden daşardaky sebitiň maýadarlary üçin öz ykdysadyýetini açmakda Türkmenistanyň Hökümetiniň möhüm taryhy ädimi bolandygyny nygtady.
Ol şol maslahatda Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR-yň) prezidenti Rownag Abdullaýewiň eden çykyşyny aýratyn belläp geçdi. Metýu Braýzanyň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Abdullaýewiň duşuşygynda türkmen tebigy gazyny Günbatara eksport etmäge hemaýat bermekde taraplaryň umumy meýilnamalar barada aýdan beýanatlary örän wajypdyr.
Amerikan diplomaty: «ABŞ-nyň hökümetindäki kärdeşlerim, şol sanda özümem şeýle Hazarara hyzmatdaşlygyny goldaýaryn» - diýip, öz çykyşynda belledi.