Ï Türkmenistan Hazar sebitiniň innowasion ösüş maslahatyna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Hazar sebitiniň innowasion ösüş maslahatyna gatnaşar

view-icon 1996

26 – 28-nji maý aralygynda Astrahanda «Hazar 2021: durnukly ösüş ýollary» atly Halkara ylmy forum geçiriler.

Ylmy we işewür toparlaryň, şeýle hem Hazar bäşligine girýän ýurtlaryň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşjak bu maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri-de ösüş institutlarynyň, işewür düzümleriň, senagat kärhanalarynyň, täze başlaýan şereketleriň, maýa goýujylaryň we Hazar sebitiniň innowasion hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek babatda döwlet häkimiýetiniň wekilleri üçin açyk kommunikasion platformany döretmekdir.

Bu ylmy-forumyň çäginde 20-den gowrak çäre, şol sanda «tegelek stollar», tanyşdyrmalar, wajyp temalar boýunça okuw-dersleri, çekişmeler, maslahat, Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň ylym, barlaglar we tehnologiýalar boýunça toparynyň mejlisi geçiriler.

Biziň ýurdumyzdan bu halkara maslahata «Türkmen milli logistik» APJ-niň Baş direktory, «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesini ösdürmek boýunça halkara işçi toparynyň agzasy Begenç Mämmedow we Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa gatnaşarlar.

Swetlana ÇIRSOWA