Ï Waldaý» çekişme toparyna gatnaşýanlar Merkezi Aziýa meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Waldaý» çekişme toparyna gatnaşýanlar Merkezi Aziýa meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

view-icon 1367

Şu gün Kazanda «Waldaý» çekişme toparyň «Russiýa we Merkezi Aziýa täze dünýäniň kynçylyklarynyň garşysynda – geljege bilelikdäki ýol» temasyndan iki günlük Merkezi Aziýa bagyşlanan maslahaty açylar.

Bu çäräniň esasy bölegi Tatarystanyň Milli kitaphanasynyň binasynda geçer. KHS bu maslahata dünýä ölçegindäki waka hökmünde baha berýärler, çünki oňa onlarça ýurtdan syýasat, ykdysadyýet, sosiologiýa pudaklaryndan bilermenler gatnaşarlar. Maslahatyň açylyşy, birinji sessiýasy, şeýle hem onuň ýapylyşynyň jemleýji açyk çekişmesi toparyň onlaýn platformalary boýunça alnyp gökeziler.

2004-nji ýylda döredilen «Waldaý» halkara çekişme topary – bütindünýä we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmak üçin, dünýäde bolup geçýän ykdysady çökgünligi ýeňip geçmekde dünýäniň naýbaşy bilimli adamlaryny birleşdirmek üçin iň abraýly meýdançasy. Däp boýunça, toparyň her ýylda geçirilýän mejlislerine gatnaşýanlar bilen Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin duşuşýar. «Waldaý» toparyň çekişmelerinde bilermenler hökmünde ady belli dünýä syýasatçylary we Garward, Kolumbiýa, Jorjtaun, Stendford ýaly dünýä meşhur uniwersitetleriň professorlary çykyş edipdiler.

Häzirki duşuşyk bu toparyň 2019-njy ýylda Samarkantda bolup geçen X Aziýa (we II Merkezi Aziýa) maslahatynyň dowamy bolar. Maslahata 16 ýurtdan, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyndan, Belorussiýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan we Estoniýadan 60-dan gowrak adam gatnaşar. Çärä gatnaşýanlara gutlag sözi bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýüzlener.

Maslahata gatnaşýanlar özygtyýarly-suweren döwletleriň dünýä syýasatyndaky ornuny, söwdada, maglumat-tehnologiki alyş-çalyşda global azatlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşarlar, pandemiýanyň netijelerine we ykdysadyýeti dikeltmegiň ýollaryny gözlemäge üns bererler, owgan meselesine garap geçerler.

Merkezi Aziýa maslahatynyň guramaçylary bir synaga ýüz urýarlar: adaty ýapylyşyň deregine bu gezek myhmanlar göni alnyp barylýan çekişmä çagyrylar. Bu sessiýanyň dowamynda islendik gatnaşyjy Merkezi Aziýa babatynda seljeriş-analitik we bilermen nukdaýnazaryndan möhüm wakalar boýunça öz pikirini aýdyp biler.

Kazanda geçjek Merkezi Aziýa maslahatynyň bosagasynda, ýagny, 17-nji maýda Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanda boldy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Tatarystanyň «Kamaz», Zelenedolskiniň gämi gurluşyk zawody, Kazanyň wertolýot zawody, «Tatneft», «KER-Holding» we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Bu barada Kazanda geçjek çärä bagyşlanan gysga metbugat ýygnagynda aýdyldy.

 Ogulgözel REJEPOWA