Ï Kazanda Halkara “Waldaý” toparynyň Merkezi Aziýa boýunça maslahaty bolup geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kazanda Halkara “Waldaý” toparynyň Merkezi Aziýa boýunça maslahaty bolup geçdi

view-icon 1798

“Waldaý” Halkara çekişme toparynyň Kazanda geçen Merkezi Aziýa maslahatyna 16 ýurtdan 60-dan gowrak bilermen gatnaşdy. Bu duşuşykda biziň ýurdumyza Kazandaky Baş konsullygymyzyň işgärleri wekillik etdiler.

Maslahat postsowet giňişliginiň döremeginiň 30-njy ýylynda geçdi. SSSR-iň synan pursadyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gurluşlaryny berkarar etmek we sebitleýin hem-de halkara gatnaşyklarynda öz orunlaryny kesgitlemek ugrunda ägirt uly ýol geçdiler.

“Merkezi Aziýa häzir geosyýasy meýdanda esasy oýunçylaryň ünsi jemlenen sebitdir” diýip, RF-iň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko belledi. – Russiýa Federasiýasy üçin bolsa Merkezi Aziýa döwletleri umumy taryhymyzy, dilimizi, ysnyşykly adam gatnaşyklarymyzy baglanyşdyrýan strategik hyzmatdaşlardyr.

Andreý Rudenkonyň sözlerine görä, Russiýanyň Merkezi Aziýa sebitinde jemlenen maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-iň 50 mlrd dollaryna golaýdyr.

Maslahata gatnaşýanlar Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem Özbgistanyň, Russiýa Federasiýasy we sebitiň beýleki ýurtlary bilen ykdysady, ulag, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler.

Aýratyn üns pandemiýa, guramaçylykly jenaýatkärçilik, neşe söwdasy we halkara terrorizm we ş.m. ýaly ýüze çykýan kynçylyklara garşy göreşe gönükdirildi.

“AA”-nyň habarçysy