Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde şanly 140 ýyllygyny belleýän «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy.
Çäräniň barşynda doganlaşan Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň başlygy Alana Makgratonyň hem-de bu komitetiň esaslandyryjysy we ilkinji ýolbaşçysy Salli Elis Tompsonyň türkmen paýtagtynyň şanly senesi mynasybetli wideogutlaglary diňlenildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu, ozaly bilen, Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem Albukerke şäheriniň häkimi Timoti M.Kelleriň karary esasynda yglan edilen «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň gününiň» iki şäheriň arasyndaky ýakyn doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.