Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 1826

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz paýtagtymyza «Aşgabat — arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris, gözel Aşgabady perzentlik buýsanjymyz bilen söýýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. “Aşgabat ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşydyr. Aşgabat halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr. Aşgabat ak ýollaryň ýalkymydyr, ak arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aýdyň mysalydyr” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň taryhynda ajaýyp wakadyr. Döwletimiziň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly seneler ähli raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de üstünlikli dowam etdireris diýip nygtady. Aşgabadyň köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, ajaýyp binalary bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde hemişe göwünleri galkyndyrar, beýik işlere ruhlandyrar.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berildi. Wise-premýer paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyklary we şanly seneleri giňden bellemek asylly däbe öwrüldi. Munuň şeýledigine dünýäniň iri medeni merkezleriniň birine öwrülen, depginli ösýän we özgerýän paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň gerimi hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäherinde dabaralary hem-de medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli, şu ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler: bäsleşikler, “tegelek stollar”, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar geçirilýär. Teleradioýaýlymlarda hem-de internet sahypalarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän wideoşekilleri we makalalary ýerleşdirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar.

24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara serginiň we onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşiginiň guralmagy bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrar.

25-nji maýda paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyny hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şol gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti we feýerwerki bolar. “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özboluşly manyny özünde jemleýän şanly toýuň — şäheriň 140 ýyllygynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesiniň baýram edilýän ýylynda bellenilýändigini nygtady.

Gün-günden gözelleşýän, soňky ýyllarda keşbini düýpgöter özgerden paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň hakyky türkmen toýuna mahsus ählumumy şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigine ünsi çekip, öňde boljak çäreleriň ählisiniň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Aşgabat şäheriniň gününi mynasyp derejede baýram etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin «Hyundai All New Super Aero City» kysymly awtobuslaryň hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň uly möçberi satyn alyndy. Olar paýtagtymyzda hem-de şäherara ugurlar boýunça gatnar. Şäher içinde gatnaýan awtobuslaryň hemmesiniň şol gün ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigini bellemek gerek, munuň özi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ajaýyp sowgat bolup, olaryň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitläp, ýolagçy gatnatmak babatda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýeti baradaky meselä aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabadyň ýurdumyzyň ykdysady we syýasy taýdan ösüşini, jemgyýetiň ruhy durmuşyny we intellektual kuwwatyny aýdyň beýan edýändigini belledi. Watanymyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitleri hem-de binagärlik taýdan gözelleşmegi bu ugurda kesgitlenen meýilnamalaryň takyk ýerine ýetirilmegi bilen gös-göni baglydyr diýip, milli Liderimiz wise-premýere degişli işleri ýerine ýetirmek üçin bölünip berilýän serişdeleriň ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli Liderimizi Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli mähirli gutlap hem-de ýurdumyzyň we onuň baş şäheriniň ägirt uly üstünlikleri gazanmagynda döwlet Baştutanymyzyň örän uly hyzmatlaryny belläp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda geçirilen nobatdaky maslahatynda kabul edilen karar barada habar berdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, onuň halkara abraýyny artdyrmakda bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de şahsy goşandy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen adyň dakylýandygyny habar berdi.

G.Mämmedowa karary okap, döwlet Baştutanymyza degişli resminamany gowşurdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen paýtagtynyň hormatly raýaty bolmagyň, eziz Watanymyzyň hem-de halkara parahatçylyk döredijilik, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň şöhratyny hem-de kuwwatyny mähriban halky bilen has-da artdyrmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu hormaty ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna, halkymyz bilen agzybirlikde, jebislikde zähmet çekip, belent sepgitlere ýetmäge goşandy üçin berlen baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek boýunça DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şol ugurda ýurdumyzyň paýtagtyna ähmiýetli orun berilýär.

Milli Liderimiziň giň gerimli işleri hem-de netijeli başlangyçlary bilen häzir Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň merkezi, sebit we dünýä derejesindäki möhüm forumlaryň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin zerur bolan düzüm döredildi. Bular ýaly çäreleriň gurnalmagy hem-de guramaçylyk we many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirilmegi Aşgabadyň halkara parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraýyny barha artdyrýar.

Ýurdumyzyň halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleri paýtagtymyz bilen aýrylmaz baglydyr. Daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň yzygiderli Aşgabada amala aşyrýan saparlary umumy bähbitlere kybap gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanda olaryň sany yzygiderli artýar. Häzir BMG-niň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) wekilhanasyny, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) wekilhanalaryny Aşgabat şäherinde açmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheri dünýäde işewürlik merkezi, intellektual we medeni paýtagt hökmünde hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ady agzalan guramanyň döredijilik şäherleriniň Ählumumy toruna girizmek boýunça şu ýylyň ikinji ýarymynda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda sebitde we halkara giňişlikde Aşgabadyň ornuny artdyrmak boýunça teklipler taýýarlanylýar. Hususan-da, Aşgabat şäheri bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary ýola goýlan daşary ýurt şäherleriniň 11-si bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Birleşen şäherler we ýerli dolandyryjy edaralar” atly halkara gurama goşulmagy meselesine seredilýär. Şolar bilen bilen bir hatarda, paýtagtymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek hem-de durmuşyň dürli ugurlarynda göreldeli işlere şäheriň ýaşaýjylarynyň höwesini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Meýletinçiler merkezini döretmek mümkinçilikleri öwrenilýär we teklipler taýýarlanylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Biz öz paýtagtymyza buýsanýarys. Aşgabat şäheri gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede özgerdi diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de soňky ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmäge köp üns berilýändigini belledi.

Aşgabady ösdürmäge köp milliardlarça manat möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Şäheriň çäklerini giňeldýäris. Paýtagtymyzda täze gurulýan desgalaryň hatarynda köp sanly durmuş maksatly desgalar — birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binalary, muzeýler, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar bar. Biz paýtagtymyzda desgalaryň gurluşygyna dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem çekýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şäherde özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalaryň köp sanlysyny gurýarys. Şol binalaryň we desgalaryň birnäçesi eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabat şäheri hem ak mermerli binalaryň iň köpüsiniň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häzirki döwürde Aşgabadyň Aziýanyň iň häzirki zaman, binalaryň we desgalaryň çalt depginler bilen gurulýan şäherleriniň birine öwrülendigini aýtdy. Paýtagtymyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we innowasion ösüşiň ýoly bilen çalt depginde ynamly öňe barýandygynyň iş ýüzünde aýdyň nyşany bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşyň ähli ulgamlaryna dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň netijeli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär diýip belledi. Aşgabat gözümiziň alnynda çalt depginler bilen ösýär we gözelleşýär. Paýtagtymyz işlemek we dynç almak üçin iň amatly ýere öwrülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Paýtagtymyzy durmuş üpjünçilik ulgamlary — mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri, sport desgalary bilen üpjün etmek şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga örän möhüm ähmiýet berilýändigini, daşky gurşawy aýawly saklamaga, seýilgäh zolaklarynyň we seýilbaglaryň çäklerini giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şäheri ösdürmegiň Konsepsiýasynda onuň taryhy bölegine aýawly çemeleşmegiň, şol bölekdäki desgalarda giň gerimli rejelemek we dikeltmek işlerini geçirmegiň, Aşgabadyň özboluşly keşbini saklap galmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ertir paýtagtymyzyň «Aşgabat siti» diýip atlandyryljak täze bölegini gurmak bilen bagly soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy. Guruljak täze ýaşaýyş toplumynda has kämilleşdirilen we baýlaşdyrylan binagärlik çözgütleri ulanylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şonuň bilen birlikde, biz bu ugurda esasy ýörelgeden: «Aşgabat — adamlar üçin, onuň ähli ýaşaýjylary üçin» diýen ýörelgeden ugur alýarys diýip belledi.

Milli Liderimiz ak mermerli şäherimiziň köp sanly ýaşaýjylarynyň paýtagtymyzyň öňküden-de gözel we rahat şähere öwrülmegi üçin ähli gujur-gaýratlaryny we bilimlerini gaýgyrman işleýändiklerini, köp tagallalary edýändiklerini, şoňa görä-de, şu baýramçylyk günlerinde olaryň yhlasly zähmetini ýokary döwlet sylaglary bilen bellemek kararyna gelendigi barada habar berdi hem-de degişli Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda «Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň meseleleri hakyndaky» Karar bar.

Döwlet Baştutanymyz bu Karara laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynda guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň hem döredilýändigini habar berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda başga-da birnäçe binalardyr desgalaryň gurulýandygyna ünsi çekdi. Olaryň ählisi paýtagtlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, abadan, bolelin durmuşda ýaşamaklaryny, medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmeginiň we bellenilen möhletinde tamamlanyp, ulanylmaga berilmegini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda bu ýere ýygnananlary we mähriban halkymyzy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde giňden bellenýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.