Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Minitsrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary we HBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Bu toparyň düzüminiň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanandygyny ýatladýarys.
Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly bu ugurdaky işler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň Ýol kartasynyň ýörelgeleri we çäreleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Mejlisiň gün tertibinde Türkmenistanyň köp sanly taryhy we medeni baýlyklaryny, milli senetlerini geljekde ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizmek baradaky hödürnamalara garaldy. Şunuň bilen baglanyşykly ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň Sanawyna we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna – türkmen keçesini, demir ussaçylyk senedini, türkmen tazysyny we awçy elguşyny girizmek üçin deslapky hödürnamalaryň taýýarlygynyň hasabaty diňlenildi.
Şeýle-de, mejlisde ÝUNESKO-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, şol sanda «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşykdan» gelip çykýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.
Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna – türkmen keşteçilik sungatyny goşmak ugrunda Eýran Yslam Respublikasynda bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň çäginde ýerine ýetirilen işler hakynda maglumat berildi. Şunuň bilen baglanyşykly aýratyn-da bu hödürnamanyň şeýle atlandyrylmagynyň eýran tarapyndan teklip edilendigi bellendi.
Mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň käbirlerini (Aşgabat şäherinden we welaýatlaryň hersinden bir mekdebi) girizmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşy hakyndaky çykyşlary diňlediler.
Aşgabady «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmegiň wezipeleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, Adamzadyň medeni mirasynyň Sanawyna biziň ýurdumyzyň tebigy ýadygärliklerini goşmak hakyndaky hödürnamanyň ýagdaýyna garaldy.
Mejlisiň ahyrynda şu ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen 2021 – 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Ähtnamasynda görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda Milli toparyň alyp barýan işleriniň hasabaty diňlenildi.
Şeýle hem bu ýygnanyşykda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wezipelerine degişli birnäçe beýleki meselelere-de seredildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy