Ï ABŞ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Hazar deňzindäki ýataklary bilelikde özleşdirmek baradaky ähtnamany goldaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Hazar deňzindäki ýataklary bilelikde özleşdirmek baradaky ähtnamany goldaýar

view-icon 1617

ABŞ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gol çekişen Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagyny bilelikde öwrenmek we özleşdirmek baradaky ylalaşygy goldaýar. Azerbaýjanyň «Report» saýtynyň habar bermegine görä, bu barada Respublika Gününiň 28 ýyllygy mynasybetli ABŞ-niň Prezidenti Jozef Baýdeniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewiň adyna iberen gutlag hatynda aýdylýar.

«Amerikanyň Birleşen Ştatlary Azerbaýjanyň geçen ýyl Gündogar gaz akdyryjy turbasyny ulanulyşa girizmek bilen, Ýewropanyň köpugurly energetiki hyzmatdaşlygyna goşan goşandyny we şu ýyl Türkmenistan bilen gol çekişen Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagyny bilelikde öwrenmek hem peýdalanmak baradaky ylalaşygyny ygtybarly goldaýar» diýlip, şol hatda aýdylýar.

Jozef Baýden gutlagnamasynda şeýle hem Azerbaýjan halkyna özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

Günbatarda Hazar deňziniň nebit-gaz ýataklarynyň Türkmenistan we Azerbaýjan tarapyndan bilelikde özleşdirilmegine türkmen gazyny Gündogar gaz akdyryjysy arkaly Ýewropa ugratmak ugrunda ädilen ilkinji ädim hökmünde garaýarlar.