Merkezi Aziýa sebitiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ygtybarly halka bolmagy Ýewropa Bilelişigi üçin örän möhümdir. Özbek habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu barada Ýewropa Bilelişiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian hoşlaşmak üçin sebite aýlanyp çykan wagtynda özbek žurnalistleri bilen duşuşygynda aýdypdyr. Ol soňky alty ýylyň dowamynda ilçiniň wezipesini ýerine ýetirdi.
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian: «Ýewropa Bilelişigi üçin Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly bolmagy, onuň Ýewropa bilen Aziýany birleşdiriji halka hökmündäki mümkinçiliklerini peýdalanmagy hökman. Bu sebit täjirçilik, maýa goýum şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmalydyr» ─ diýip, belleýär.
Ilçi soňra bu aýdanlarynyň üstüni ýetirip: «Sebitiň özara baglanyşygyny gowulandyrmak gerek we hukuk ulgamlaryny bir-birlerine ýakynlaşdyrmaly ─ diýipdir. ─ Sebäbi biziň ähli maýadarlarymyz Merkezi Aziýany aýry-aýry bäş ýurduň (altynjy hökmünde Owganystany hem goşmak bilen) bölek-bölek bazarlary däl-de, 60-70, hat-da 100 million ilatly umumy bazar hökmünde göz öňüne getirmek isleýärler. Biz sebitiň şeýle mümkinçilikleri bar diýip hasaplaýarys».
Mundan başga-da, Piter Burian howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklary bilelikde çözmek gerek diýip belläpdir.
Ýörite wekil: sebitde suwy ýeke bir tygşytly ulanyp başlaman, eýsem, dagdan gaýdýan derýalaryň gözbaşynda we aýak ujunda oturýan ýurtlaryň bähbidini göz öňünde tutup, suw gorlaryny adalatly paýlaşmak we onuň hemmelere elýeterli bolmagy hakda ylalaşmagyň zerurdygyny-da nygtapdyr.