Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 2269

Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat şu gün — 28-nji maýda tamamlanýar.

Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasy nukdaýnazaryndan, Parlamentara bileleşigiň işine gatnaşylmagyna parlamentara diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi, parlamentarileriň yzygiderli üns bermegini talap edýän halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çäre hökmünde garaýar.

Şu gezekki forumyň dowamynda parlamentleriň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, olar adam hukuklary, ýaşlar we zenanlar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk, halkara syýasat hem-de pandemiýa ýaly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Assambleýanyň barşynda birnäçe kararnamalaryň, şol sanda “Tebigy heläkçilikler we olaryň netijeleri bilen baglanyşykly wehimlere hem-de gapma-garşylyklara garşy durmagyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça parlament strategiýalary” hem-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, jogapkärli sarp etmek we önümçilik ugrunda sanlylaşdyrmagy hem-de sirkulýar ykdysadyýeti ilerletmek” atly Kararnamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi