2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda “C5+1” formatda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygyň usullaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu mesele boýunça pikir alyşdylar we agzalan formatyň çäklerinde gelejekde bu gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugurlary barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Diplomatlar şeýle-de ylym-bilim, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ikitaraplalaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ministriň orunbasarlary derejesinde yzygiderli syýasy gezeşmeleri we iki döwletiň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri derejelerinde duşuşyklary geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.