Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

view-icon 3355

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

 «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy Ogulbaýram Taganmyradowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy Güljemal Annamyradowna Gyllyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Amanjahan Ataýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Aýbölek Ýolamanowna Babaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Ogjan Orazmämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Hurma Annagylyjowna Töräýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Rozgül Hoşwagtowna Mähremowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Lälegül Rozyýewna Ýazowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji haly önümhanasynyň halyçysy Ogulkeýik Joraýewna Goçewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji haly önümhanasynyň halyçysy Sonagül Jumadurdyýewna Jumaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň halyçysy Gurbangül Joraýewna Kuliýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW