Watanymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň ilkinji kilogramlary Görogly etrabynyň kärendeçilerinden gelip gowuşdy, olar şertnamanyň essynda 80 tonna piläni ýurdumyzyň ammaryna tabşyrmaga borçlandylar. Şu ýyl tutuş Daşoguz welaýaty boýunça jemi 500 tonna pile taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu jogapkärli işe 30 müňe golaý kärendeçi gatnaşýar.
Tutuş ýurtda bolşy ýaly, demirgazyk sebitde-de ýüpekçiligi ösdürmäge we bu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Pudagyň ot-iým binýady ýokary depginde ösýär. Her ýyl bu ýerde ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde we suw çeşmeleriniň ugrunda ýapraklary gurçuklar üçin ot-iým bazasy bolup hyzmat edýän, özleri bolsa oba hojalyk ekinlerini epgekden goramaga we suwaryş ýaplarynyň kenarlaryny berkitmäge kömek edýän tut nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Şu ýyl oturdyljak nahal sany öten ýylkydan dört esse köp bolar.
Batyr ÖRÄÝEW