Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Ikinji parlament assambleýasy 1-2-nji iýunda Yslamabatda geçer – diýip, IRNA agentligi habar berýär.
YHG girýän ýurtlaryň parlament başlyklarynyň bu duşuşygy «Sebit birligini gazanmak üçin, parlament hyzmatdaşlygyna ýardam» (Promoting Parliamentary Partnership for Regional Integration) şygary astynda geçer. Forum sişenbe gününde açylar. Onda Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-niň Baş kätibi Hadi Süleýnmanpur, Pakistanyň Milli assambleýasynyň spikeri Asad Kaýsar çykyş ederler.
YHG agza ýurtlaryň parlament başlyklarynyň çykyşlary sişenbe we çarşenbe günlerine meýilleşdirilipdir.
Sebitiň gün tertibini ilerletmekde aýallaryň orny, COVID-19 pandemiýasynyň durnukly ösüşe täsiri, YHG agza ýurtlarda söwda itergi bermekde we turizmi ösdürmekde parlamentleriň orny diýen ýaly meseleler foruma gatnaşýanlaryň maslahatyna çykarylypdyr.
Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredildi. Ol 1977-nji ýylyň 12-nji martynda esaslandyryjy üç döwlet: Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Izmir Şertnamasy esasynda döredildi. Ol sebiti ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gönükdirilen guramanyň mirasdüşeri bolmak bilen, döwletleriň arasynda ykdysady goldawy berkitmegi göz öňünde tutýar.
1992-nji ýylda ýene ýedi döwletiň: Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegiztanyň goşulmagy bilen, YHG-niň işi esli derejede güýçlendi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylda geçen 50-nji sessiýasynda YHG bilen hyzmatdaşlyk barada Rezolýusiýa kabul edildi, şondan bäri YHG BMG-de synçy statusyna eýedir. Ol Yslam Konferensiýasy Guramasynda-da (YKG) şeýle derejä eýedir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk etmek nobaty Türkmenistana geçdi.
Taýýarlan: Janmämmet GULAMOW