Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi

view-icon 3765

Şu ýyl bellenilýän şanly sene — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy.

— Hormatly jenap Prezident! Biziň bilen söhbetdeş bolmaga razylyk berendigiňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Siziň pikiriňizçe, Garaşsyzlyk türkmen halky üçin nämäni aňladýar?

— Sizi myhmansöýer Türkmenistanda görýändigime şatdyryn. Garaşsyzlygyň ähmiýeti barada aýdylanda, oňa soňky bir asyra golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň taryhy ösüşi nukdaýnazaryndan garamagy teklip edýärin. Şu pikirden ugur almak bilen, men Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň onuň gadymy taryhynyň dowamat bolandygyna ynanýaryn.

Türkmenler, aslynda, döwlet gurujy halkdyr. Olar irki orta asyr döwründen başlap, birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn hem-de Orta Gündogarda birnäçe döwletleri döredip, olary kemala getirdiler. Munuň şeýledigine köp sanly maglumatlar we resminamalar şaýatlyk edýär. Şonuň üçin men 1991-nji ýyl şanly ýyllaryň biri diýilse, dogry bolar diýip pikir edýärin. Çünki şol ýyldan başlap, türkmen halky garaşsyz ösüşiniň ýoluna gaýdyp geldi. Biziň halkymyz gaýtadan içerki daýanç sütünine eýe bolup, döwlet Garaşsyzlygynyň şertlerinde öz durmuşynyň many-mazmunyna we taryhy geljegine göz ýetirdi.

Biz, hakykatdan-da, öz döwletimiziň durmuşy, geljekki nesilleriň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçiligimiziň örän uludygyny duýduk. Bu ýagdaý bolsa, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň köp milletli halkynyň iň gowy häsiýetlerini — watansöýüjilik, öz mertebesini saklamak, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, ata-babalarymyzy hatyralamak, hoşniýetlilik, kömek goluny uzatmak häsiýetlerini açyp görkezdi. Bularyň hemmesi bize Garaşsyzlyga eýe bolan döwrümizde ilkinji ýyllary diňe kynçylyksyz geçmäge däl-de, eýsem, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösmäge ýardam etdi.

Biziň Konstitusiýamyzda nygtalyşy ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Türkmenistan öz hukuk ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge uly üns berýär.

Biz döwlet häkimiýetiniň aýdyň hem-de netijeli düzümini gurduk diýip ynamly aýdyp bilerin, onuň esasy şahalary — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleri bolup, olar sazlaşykly hereket edýärler hem-de biri-biriniň üstüni ýetirýärler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar amala aşyryldy. Bu gün biz ýurdumyzda täze senagat düzümine esaslanan jemgyýeti döretmegiň ýoly bilen öňe barýarys. Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe–bank ulgamy ýaly, beýleki strategik ugurlaryny hem ösdürýäris.

Döwletiň kuwwatly durmuş syýasaty biziň ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş desgalary giň gerim bilen gurulýar. Gurluşyk pudagyna jemi 38 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy.

Ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Ykdysadyýetiň strategik pudagy — ýangyç-energetika toplumy düýpli özgerdildi. Türkmenistandan Hytaýa, Eýrana gaz geçirijiler çekildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depgin bilen dowam edýär. Energiýa çig malyndan başga Türkmenistan halkara bazarlara ekologiýa taýdan arassa benzini we dizel ýangyjyny, motor ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy hem-de beýleki ýangyç-çalgy serişdelerini, elektrik energiýasyny ugradýar.

Ýurdumyzda kuwwatly dokma senagaty döredildi, onuň önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşýär. Azyk howpsuzlygy gazanyldy. Okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin şertler döredildi. Ýeriň ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, dünýä ölçeglerine laýyklykda, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyny ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler peýda boldy. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny giňden sanlylaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär.

Türkmenistan jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2891-si ulanylmaga berildi.

Bu gün ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 70 göterime ýetdi. Dünýäde emele gelen ýaramaz ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça biz jemi içerki önümiň ösüşini 5,9 göterim derejede üpjün etdik.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak, “ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek mynasyp orny eýeleýär.

Ýurdumyzda howanyň täsirini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerleriň ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyrma çäreleri işjeň ornaşdyrylýar, millionlarça agaç nahallary ekilýär. Soňky 20 ýylyň içinde Diýarymyzda agaç nahallarynyň 90 milliondan gowrak düýbi oturdyldy. Şu ýyl bolsa ýurdumyzda olaryň ýene-de 30 milliondan gowragy ekiler.

Garagumuň jümmüşinde ýurdumyzyň welaýatlaryndan şor zeý suw akabalary bilen akyp gelýän suwlary ýygnamak üçin “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça iri möçberli taslama amala aşyrylýar. Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Bu waka türkmen sportunyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, anyklaýyş, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi hem-de öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen beýleki edaralary özünde jemleýän milli saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyryldy.

Biz ähli ýerlerde duzy ýodlaşdyrmagy, uny demir bilen baýlaşdyrmagy, ilaty ýokary derejede immunlaşdyrmagy gazandyk. Diýarymyzda drakunkulýoz, poliomielit, gyzylja, gyzamyk we gyzzyrma ýaly keselleriň soňuna çykyldy. Bu gazanylan netijeler BMG-niň derejesinde ykrar edildi, ýurdumyza degişli halkara sylaglar we güwänamalar ençeme gezek gowşuryldy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmegiň şertlerinde lukmançylyk edaralarynyň netijeli işlemegini tiz wagtda ýola goýmagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly we netijeli bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Oňa ilaty howply ýokanç kesellerden goramagyň döwlet ulgamynyň ähli beýleki bölümleri hem taýýar bolup çykdy.

Gazanan üstünliklerimiziň hatarynda men hökmany suratda ylym we bilim ulgamyny hem belläp geçerdim. Häzirki döwürde bu ulgam hakyky ösüşlere eýedir. Şeýle hem Garaşsyzlyk şertlerinde halkyň ruhy taýdan işjeň galkynmagynyň, onuň taryhy düşünjeliliginiň, Türkmenistanyň köp milletli medeniýetiniň gülläp ösmeginiň mümkin bolandygy aýdyňdyr. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrylýar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw”, “Köneürgenç” hem-de “Nusaýyň Parfiýa galalary” umumydünýä taryhy-medeni ähmiýetine we gymmatyna eýedir.

Häzir ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylary etniki gelip çykyşyna garamazdan, özlerini umumy Watanyň aýrylmaz bölegi hökmünde duýýarlar. Biz Türkmenistanyň halkynyň agzybirligine, jemgyýetdäki parahatçylyga we ylalaşyga buýsanmaga haklydyrys. Munuň özi bize geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn geçirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, daşarky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, meniň pikirimçe, örän möhüm bir ýagdaýy nygtamak isleýärin: türkmen döwletliligi doňup galan gurluş däldir. Munuň özi biziň döwletimiziň dünýä derejesindäki ösüşleriň häzirki ýagdaýlary hem-de jemgyýetiň anyk islegleri bilen aýakdaş alyp barýan janly, döredijilik işleridir.

Ýakynda, şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanda Halk Maslahatynyň — türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. 14-nji aprelde bolsa indi Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň ilkinji bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Kanun çykaryjy edaranyň iki palataly düzüme geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda örän möhüm tapgyrlaýyn wakadyr. Bu waka ýurdumyzyň dünýä we milli derejedäki demokratik işleriň binýatlyk ugurlaryna, umumy ykrar edilen ýörelgelere hem-de halkara hukugyň kadalaryna eýermäge pugta ygrarlydygyny görkezdi.

Men Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bolup geçen giň gerimli özgertmelere şaýatlyk edýän diňe käbir ýagdaýlary mysal getirdim. Umuman, geçilen ýola baha berip, Türkmenistan üçin bu ýyllar gurmagyň, halkymyzyň ägirt uly mümkinçiligini açmagyň, ýurdumyzy geljekde toplumlaýyn ösdürmäge berk maddy we ruhy binýady döretmegiň döwri boldy diýip, ynamly tassyklap bolar.

Şeýle hem şu ýyl, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän ýylynda biziň eziz Diýarymyzyň daşary döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti ýaly möhüm halkara çäreleriň hem-de ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dürli baýramçylyk çäreleriniň birnäçesiniň geçirilýän ýerine öwrüljekdigini aýtmak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, biziň şu günler belleýän ýene bir wakamyz — Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy barada aýtman bilmerin.

Biz öz paýtagtymyza buýsanýarys. Ol gysga döwrüň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Häzir Aşgabat Aziýanyň iň döwrebap, depginli gurulýan şäherleriniň biridir. Ol döwletimiziň okgunly durmuş-ykdysady, innowasiýa taýdan ösüş, ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň mynasyp derejede aýdyň nyşany bolup durýar.

Şäher gözümiziň alnynda ösýär, gözelleşýär, işlemek we dynç almak üçin oňaýly ýere öwrülýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň hökmany ileri tutulýan ugurlary ony durmuş düzümleri — mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport desgalary bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle hem biz şäheriň ekologiýasyna, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagyna, seýilgäh zolaklarynyň, seýilbaglaryň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýäris.

Şäheri ösdürmegiň konsepsiýasy onuň taryhy bölegine aýawly garalmagyny, giň gerimli dikeldiş işleriniň geçirilmegini, Aşgabadyň ajaýyp öwüşgininiň saklanylmagyny göz öňünde tutýar.

Ýakynda paýtagtymyzyň täze böleginiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Biz ony “Smart siti” diýip atlandyrýarys.

Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň halky Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede bellär.

— Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Siziň ýurduňyz GDA-nyň dürli ugurlardaky işlerine işjeň hem-de döredijilikli gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geljegine bolan Siziň garaýşyňyz nähili we şol hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda haýsy esasy ugurlar boýunça has netijeli ösdürilip bilner?

— Häzir Türkmenistan deňhukuklylyk ýörelgelerinde döwletara gatnaşyklary goldamak bilen, Bitarap ýurt hökmünde içerki işlere goşulyşmazlyk, özbaşdaklyga hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşmelere gatnaşmazlyk boýunça borçnamalary öz üstüne alýar.

Şu binýatlyk ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistan GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar, GDA-nyň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny düýpli taryhy aragatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, halkara syýasatyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyn gelmegi esasynda guraýar hem-de işjeň hyzmatdaşlygy dostluk we ynanyşmak ruhunda tüýs ýürekden goldaýar.

Biz Arkalaşygyň düýpli ýörelgeleriniň üýtgewsiz galmagyna ýokary baha berýäris. Şol ýörelgeler hoşniýetlilikdir, hormat goýmakdyr, deňhukuklylykdyr. Şonuň bilen birlikde, dünýädäki üýtgäp durýan ýagdaýlar GDA-dan öz wagtynda we deň derejede laýyk jogaby, özara hereketlere täze ugurlary girizmegi talap edýär diýip pikir edýärin. Ilkinji nobatda, munuň özi ykdysady ulgama degişlidir. Hut ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň GDA-nyň netijeliliginiň we üstünliginiň öňbaşçysy bolmalydygyna, biziň ýurtlarymyza öz kuwwatyny doly açmak, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejede goşulyşmak mümkinçiligini üpjün etmelidigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýylda — GDA başlyklyk edýän döwründe birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hususan-da, biz GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany işläp taýýarlamagy teklip etdik. Şol resminama 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Bu resminamanyň ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň esasynda goýuldy.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň GDA-nyň hem-de onuň bilen dünýäniň serhetdeş sebitleriniň döwletleriniň ykdysady taýdan özara baglanyşygynyň durnukly ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşmaklarynyň, üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň aýgytlaýjy şerti hasaplaýarys. Şunda gürrüň energetika düzümlerini, senagat zolaklaryny, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag-üstaşyr ugurlaryny öz içine alýan täze “ykdysady geçelgeleri” döretmek barada barýar.

GDA-nyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegine ýokary derejede bähbitli we geljegi uly ugur hökmünde baha berýäris.

Halkara gün tertibi bilen baglylykda, GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň geljekde gowy mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris. Olar ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna hem-de kiberjenaýatçylygy hem öz içine alýan guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm wezipelerdir.

Medeni-ynsanperwer ulgam GDA-nyň döwletleri we halklary üçin ygtybarly birleşdiriji binýat bolmagynda galýar. Bu ugurda köp işleriň amala aşyrylandygyny hem-de alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belleýäris, hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we täze ulgamlary öz içine alýar. Iň esasy zat, bu hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň halklary tarapyndan doly goldawa eýe bolýanlygydyr. Emele gelen ýagdaýlarda koronawirus pandemiýasyna garşy çäreleri geçirmek GDA üçin ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň umumy çemeleşmeleri we usulyýetleri işläp taýýarlamak üçin ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyny zerur hasaplaýarys. Şunda GDA-nyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy möhümdir.

Görşüňiz ýaly, Türkmenistan GDA-nyň işleriniň dürli ugurlarynda özüni işjeň hem-de döredijilikli hyzmatdaş hökmünde görkezýär. Şeýle hem şulary bellemegi möhüm hasaplaýaryn. Elbetde, GDA, ozaly bilen, döwletara birleşikdir. Emma men Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň köptaraplaýyn aragatnaşyklary has baýlaşdyrýandygyna, oňa goşmaça aýdyňlyk we ýokary depgin berýändigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, biziň Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklarymyzyň strategik hyzmatdaşlyk, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini bellemek isleýärin.

Biziň ýurdumyzyň Russiýanyň iri sebitleriniň birnäçesi bilen ýola goýan gatnaşyklary köptaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy aýratyn belläp bilerin. Ýakynda Tatarystanyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanow Türkmenistanda saparda boldy. Biz örän bähbitli, baý many-mazmunly gepleşikleri geçirdik, söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, senagatda, maşyn gurluşygynda, uçar gurluşygynda, ulag-logistika ulgamynda, energetika pudagynda, beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdyk.

Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bularyň ählisi Russiýa bilen döwletara gatnaşyklarymyzyň binýadyny berkidýär hem-de gaýtalap aýdýaryn, tutuşlygyna GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga oňyn täsirini ýetirýär.

— Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Siziň bu başlangyç bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edendigiňiz hem-de onuň biragyzdan goldanylandygy mälimdir. Syýasatçy hökmünde şeýle teklip bilen çykyş etmäge Size näme ylham berdi? «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen düşünjä garaýşyňyz nähili?

— 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç halkara ýagdaýa adalatly, anyk seljerme berilmeginiň netijesi boldy.

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryň çylşyrymly ýagdaýdadygyny bellemek gerek. Bu bolsa, biziň pikirimizçe, köp babatda döwletleriň biri-birine ynamynyň derejesiniň, döwletara gatnaşyklarynyň medeniýetiniň hiliniň peselmegi bilen şertlendirilendir. Syýasatçy hem-de döwlet ýolbaşçysy hökmünde, meni biynjalyk edýän zat, şeýle ýagdaýyň aýry-aýry ýurtlaryň arasyndaky oňyn gatnaşyklara diňe bir päsgelçilik döretmek bilen çäklenmän, biziň hemmämiziň jogapkärçilik çekýän — strategik deňagramlylygy hem-de durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylyk, ählumumy derejede howanyň maýlamagy, bosgunlaryň meselelerini çözmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly we birnäçe beýleki köptaraplaýyn wezipeleriň çözülmegini düýpli çylşyrymlaşdyrýandygydyr.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýa serediň. Beýleki ähli zatlardan başga-da, bu ýokanç halkara gatnaşyklardaky öňden gelýän näsazlyklary, ozaly bilen, ynanyşmagyň, syýasy erk-islegiň hem-de bu howpa garşy göreşmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýarlygyň ýeterlik derejede däldigini ýüze çykardy. Şeýle ýagdaýlarda biz dünýä bileleşigi, ozaly bilen bolsa, BMG-niň bar bolan syýasy-diplomatik gurallaryny hem-de meýdançalaryny peýdalanmak arkaly halkara ýagdaýy sagdynlaşdyrmak boýunça öňdebaryjy jogapkärçiligi öz üstüne almaga borçly diýip hasapladyk. Olaryň biri hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegidir. Türkmenistan bu başlangyç bilen çykyş edip, oňa nähili anyk many berýändigini aýratyn nygtady.

Biz Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna wekilçilikli halkara çäreler toplumy hökmünde garaýarys, olaryň çäklerinde anyk çözgütler kabul ediler hem-de halkara ýagdaýy sagdynlaşdyrmagyň, halkara hukugy dikeltmegiň hem-de onuň ornuny pugtalandyrmagyň ýollary we usullary işlenip taýýarlanylar. Aşgabatda ýokary derejeli halkara maslahatyň geçirilmegi şolaryň hataryndaky esasy wakalaryň biridir.

Biz BMG-däki hyzmatdaşlarymyzyň bu başlangyjymyza, meýilleşdirilen çärelere iş ýüzünde ýardam we goldaw berjekdigine ynanýarys hem-de biz bilelikde oňyn netijeleri gazanyp bileris.

— Siziň ýurduňyz indi 25 ýyl bäri hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup durýar. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak, aýdyň hem-de özboluşly daşary syýasat ugruny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Siz türkmen Bitaraplygyna, onuň Merkezi Aziýada hem-de goňşy sebitlerde bolup geçýän ýagdaýlaryň barşyna we ugruna ýetirýän täsirine nähili baha berýärsiňiz?

— Türkmen Bitaraplygy, elbetde, sebitde örän möhüm durnuklaşdyryjy ähmiýete eýedir. Bu pikiri Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň agza ýurtlary hem goldaýarlar.

Meniň pikirimçe, 2007-nji ýylda edara binasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy halkara bileleşik tarapyndan şeýle baha berilmeginiň hakyky subutnamalarynyň biridir. Bu ädim Türkmenistana bolan ynamy alamatlandyryp, Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda ýurdumyzyň eýeleýän oňyn ornunyň ykrar edilýändiginiň güwänamasy boldy. Şol bir wagtda, munuň özi öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklary duýdurmagyň, olary parahatçylyk, syýasy-diplomatik ugra gönükdirmegiň netijeli guraly hökmünde tassyknamasy boldy. Şunda Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitdäki ýagdaýlaryň oňyn häsiýete eýe bolmagynyň tebigy, döwrüň talap edýän şerti, BMG-niň hem-de Ýer ýüzüniň bu böleginde pugta parahatçylyga we durnuklylyga, ösüş maksatlaryna ýetmegiň tarapdarlary bolup duran ähli sagdyn güýçleri goldap, çykyş edýär diýip bolar.

Şoňa görä-de, BMG-niň Türkmenistanyň Bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan peýdalanmaga gönükdirilen başlangyçlaryny üýtgewsiz we yzygiderli goldaýandygy öz-özünden düşnüklidir.

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary topary möhüm görkeziji boldy. Bu topara dünýäniň 20-den gowrak döwleti goşuldy.

Şeýle hem biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça mundan birnäçe ýyl ozal dünýäniň syýasy senenamasynda täze senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň peýda bolandygyny bellemek gerek. Bu sene her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýär.

Getirilen mysallar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň häzirki wagtda diňe bir sebit däl, eýsem, halkara syýasatyň BMG-niň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň uzak möhletli gün tertibiniň şerti bolandygyna şaýatlyk edýär.

Ykdysady ugur Bitarap Türkmenistanyň oňyn täsiriniň möhüm meselesi bolup durýar. Biz bu ulgamda halkara gatnaşyklary hiç haçan syýasylaşdyrmaýarys. Ykdysady we täjirçilik esaslandyrmalary, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk hem-de taraplaryň bähbitlerini nazara almak biziň üçin esasy görkezijilerdir.

Bu ýörelgeler bize sebitde hem-de onuň çäginden daşarda — energetikada, ulagda, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda möhüm ähmiýetli halkara taslamalaryň başyny başlamaga, durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Hakykatda, olar ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, birek-birege ýokary derejede düşünişmäge, ynanyşmaga hem-de gatnaşyjy döwletleriň arasynda anyklyga we aýanlyga hyzmat edýär. Şeýlelikde, Bitaraplyk ykdysady taýdan goşulyşmagyň, uzak möhletli söwda, maýa goýum, önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň netijeli guraly bolup durýar. Şonuň netijesinde, munuň özi gapma-garşylykly ýagdaýlary azaltmaga alyp barýar.

Geçen ýyl Türkmenistan, dünýä bileleşigi bilen bilelikde, özüniň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belledi. Bu ýubileýe bagyşlanan halkara maslahata onlaýn görnüşde iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlary, belli syýasatçylar, diplomatlar, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdiler, ony goldaýandyklaryny we tutuş dünýä üçin ähmiýetlidigini bellediler.

Munuň özi türkmen halkynyň bähbitlerine parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak maksadynda bize seçip alan daşary syýasy ugrumyzy mundan beýläk-de berk, jogapkärli durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar, uly kuwwat berýär.

Pursatdan peýdalanyp, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň şu maslahaty giňden beýan edendigi üçin size minnetdarlyk bildirýärin.

— Ählumumy wehimler baradaky söhbedimizi dowam edeliň. Iki ýyldan bäri adamzat ählumumy täze howp — COVID-19 pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hormatly jenap Prezident, Size nädip Türkmenistanyň halkyny bu betbagtçylykdan gorap saklamak başartdy? Sebäbi Siziň ýurduňyzyň çäklerinde şu güne çenli COVID-19 keseliniň ýekeje ýagdaýy hem ýüze çykarylmady.

— Biz COVID-19 howpunyň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden koronawirusa garşy göreşmek boýunça bitewi milli strategiýany taýýarladyk. Bu strategiýada guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, sanitar-epidemiologiýa, lukmançylyk, karantin häsiýetli çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar.

Bu ugurdaky tutuş işe ýolbaşçylyk etmek üçin Howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça Hökümet topary döredildi. Onuň düzümine Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary girdiler.

Pudagara utgaşdyryşyň guraly hökmünde dessin ştab döredildi. Onuň işine saglygy goraýyş, ulag, söwda, maliýe ulgamlaryna jogap berýän döwlet düzümleriniň, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çekildi.

Bu utgaşdyryjy düzümler, kanunçylyga laýyklykda, degişli ygtyýarlyklara eýe boldy we olaryň ähli hereketleri Hökümet toparynyň mejlislerinde kabul edilýän teswirnamalaryň hem-de meýilnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

COVID-19-yň dörän pursadyndan başlap, biziň ilkinji kabul eden çärelerimiziň hatarynda serhet, migrasiýa we gümrük ýagdaýyny tapgyrlaýyn pugtalandyrandygymyzy görkezmek bolar. Şol bir wagtyň özünde, dörän ýagdaý sebäpli Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi.

Daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ähli adamlar babatda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli edaralary tarapyndan test we karantin-düzgün çäreleri geçirilýär.

Biz saglygy goraýyş edaralarynyň işinde öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berdik. Ähli edaralarda, kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda raýatlaryň gyzgynyna gözegçilik etmek üpjün edildi, şahsy arassaçylygyň berk düzgünleri girizildi. Mundan başga-da, söwda merkezlerinde, bazarlarda, okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik ulagynda zyýansyzlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle hem biz ösümlikleriň, haýwanlaryň, gelip çykyşy boýunça ösümlik hem-de haýwanat bilen bagly önümleriň getirilmegi arkaly dürli keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna garşy howpsuzlygyň degişli derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän fitosanitariýa we weterinariýa gözegçilik ulgamyny güýçlendirmek boýunça çäreleri gördük.

Döwlet serhedi arkaly gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, beýleki degişli döwlet edaralarynyň hünärmenleriniň toparlary işleýär.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýagdaýyň örän çylşyrymlydygyny nazara alyp, şunuň bilen birlikde, şu şertlerde döwletleriň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny, ulag gatnawlarynyň işini üpjün etmegiň zerurdygyna doly düşünýär.

Hyzmatdaşlarymyz, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamak arkaly Türkmenistan şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly bolmagynyň hem-de Ýewraziýa yklymynda özara haryt getirilmeginiň we üstaşyr gatnawlaryň berk ulgamynyň saklanyp galmagynyň üstünde işleýär.

Türkmenistanyň hem-de onuň goňşy döwletleriniň sazlaşykly we utgaşykly ädimleri netijesinde, häzir Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň kadaly işlemegi üpjün edildi. Ähli serhet-geçiriş nokatlarynda zyýansyzlandyryş hem-de dezinfeksiýa-fumigasiýa desgalary guruldy. Olar dünýä ölçeglerine gabat gelýär. Taraplaryň ylalaşyklary boýunça şeýle terminallar goňşy ýurtlaryň çäginde döredilýär.

Koronawirusa garşy göreşmekde wagyz-nesihat işleri möhüm orun eýeleýär. Onuň esasy maksady ilatyň täze ýokanç keseline doly düşünmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda 14 ýokanja garşy hökmany suratda sanjym geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen alymlarynyň howply ýokanç keselleriň öňüni almak ulgamyndaky köpýyllyk barlaglarynyň netijeleri, olary bejermegiň öňdebaryjy usullary, däp bolan halk serişdeleri, dermanlyk otlar we ösümlikler ulanylýar. Munuň özi köp babatda adamyň bedeniniň howply kesellerden goranmak ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär.

Türkmenistan Russiýanyň Sputnik-V, EPIWAKKorona waksinalaryny bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugynda mynasyp orun eýeledi. Häzirki wagtda olar töwekgelçilik toparyna girýän adamlaryň zerurlyklary üçin ähli ýerlerde üstünlikli ulanylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça işler dowam edýär. Täze karantin merkezleriniň gurluşygy amala aşyrylýar, aýry-aýry saglygy goraýyş edaralary ýiti ýokançlarda duş gelýän ýagdaýlara sezewar bolan adamlary saklamak üçin üýtgedilýär.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda häzirki wagtda ilatyň ählumumy dispanserizasiýasy geçirilýär, adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.

Ine, ýerine ýetirilen şeýle işleriň netijesinde, entek bizde bu keseliň ýüze çykan ýagdaýlary anyklanylmady.

— Hormatly jenap Prezident! Türkmenistan “Mir” teleradiokompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Men şeýle ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Siziň “Mir” teleradiokompaniýasynyň tomaşaçylaryna, radiodiňleýjilerine nähili arzuwlaryňyz bar?

— Dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinden daşarda sany onlarça million bolan siziň tomaşaçylaryňyza, däp bolşy ýaly, parahatçylyk, abadançylyk, berk jan saglyk, olara we olaryň ýakynlaryna ertirki güne bolan berk ynam arzuw edýärin! Goý, ol köp oňat we ýakymly täzelikleri getirsin!

— Hormatly jenap Prezident! Size söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň!

— Şu söhbetdeşlik we Siziň işiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.