Ï Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler

view-icon 10052
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler

Turkmenistanda çap bolan ilkinji çagalar kitaby nämedi?
Ol ol näme üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagala bagyşlanypdy?
Bu soraglara jogap bermek üçin, tas 100 ýyl diýen ýaly yza gaýtmaly bolýarys.

... 1923-nji ýylyň tomsunda Köşi obasyna mugallymlar maşgalasy göçüp geldi. Olar kiçeňräk öýjagazy kireýne aldylar-da, okuw möwsüminiň başlanaryna taýýarlyk görüp ugradylar. Howlularda çagalaryň köplügi ýaş mugallymlarda mekdebe taýýarlyk üçin okuw toparyny döretmek islegini oýardy. Çagalar bagyny döretmek baradaky bu pikiri Halk magaryfy ministrliginiň Aşgabat şäher bölüminde goldadylar.

Köşiniň atçylyk zawody çagalar bagy üçin öz ýeriniň ullakan gülli we bakjaly böleginden ýerleşýän üç otagly jaýy berdi. Halk magaryfynyň şäher bölümi çaga mebeli, gap-gaç, ýorgan-düşek bilen üpjün etdi, indi, mugallymlar maşgasyna diňe ilkinji çagalara garaşmak – ata-eneleriň ynamyny gazanmak galýardy. Bu bolsa birneme kynrak wezipedi: ata-eneleriň bu teklibi nähili kabul etjekdiklerini öňünden bilmek kyndy, çünki obada çagalar asyrlarboýy öýde terbiýelenýärdiler ahyryn.

Özara maslahatlaşyp, geljekki mugallymlar Köşiniň köçelerine düşüp, çaga sesi gelýän gapylary kakyp ugradylar. Myhmanparazlyk ýagdaýda, çaý başynda olary üns bilen diňleýärdiler. Öý eýeleri, häzirlikçe nätanyş çagalar bagynyň öz çagalary üçin nähili peýdasynyň boljakdygy, ol ýerde öýdäki ýaly gyzykly, dok we howpsuz bolup-bolmajakdygy barada oýlanýardylar. Sorag köpdi, ata-eneler çintgäp sorag berýärdiler we mugallymlaryň täze pikiri babatda ähli razylygy we garşylygy saldarlap görýärdiler. Ahyrsoňy myhmanlaryň çagalara bildirýän aladasyna hormat goýmak öz işini bitirdi. Mugallymlaryň ata-enelere olaryň çagalaryny mekdebe taýýarlamagyň körpeler üçin peýdasyny hoşniýetlilik bilen gürrüň bermegi hem muňa peýda beripdi. Razylyk alyndy: ertesi günüň säheri çagalar bagynyň bosagasynda eýýäm sekiz oglan bilen iki sany gyzjagaz durdy.

Üç-dört ýaşly çagalar bilesigelijilik bilen jaýlary, otagdaky oýunjaklary gözden geçirýärdiler, şol bir wagtda-da: «Hawa, biz bu ýerde näme etmeli? Näme oýnamaly?» diýýän ýaly, terbiýeçilere dykgat bilen seredýärdiler.

Şeýdip, Türkmenistanda soňra tejribe-nusgawy diýlip atlandyryljak ilkinji çagalar bagy döredi. Çagalar mugallymlaryň öňünde ençeme meseläni ör-boýuna galdyrdylar. Her çaga – özbaşyna uly bir dünýä. Baga birinji geleniň ähli oýunjaklary donunyň syýyna salyp, oňa sygmadyklaryň bolsa üstünde oturýan wagtlary-da bolýardy. Çagalara bile oýnamak gyzykly bolar ýaly, terbiýeçi olaryň ählisini uly bir halynyň üstüne ýygnap, oňa dörtgyraň gapyrjaklary üýşürýärdi. Şundan soň «uly binanyň» gurluşygy başlanýardy.

Bu ýerde köp zat çagalar üçin geňdi, ýöne olar dürli sapaklara, gün tertibine we topar boýunça nobatçynyň wezipelerine derrew aňsatlyk bilen öwrenişýärdiler. Ilkinji gezek ellerine plastilin alan çagalar höwes bilen dürli şekilleri: gyzlar – gurjaklary, oglanlar bolsa atlary ýasaýardylar. Çalasyn çaga barmajyklary özlerine tanyş bolan bu wezipäniň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýärdiler, çünki öýde oýnanlarynda, olara ownuk-uşak zatlary palçykdan ýasamagy ejeleri öwredipdi. Öz döreden gurajaklaryna çagalar dessine jan berip gepledýärdiler: plastilin adamjyklar biri-biri bilen «gürleşip» başlaýardylar, atlar bolsa toýnak kakyp, stoluň üstünde çapýardylar. Şeýdip, şekil ýasama çagalaryň söýgüli kärine öwrüldi. Reňkli galam bolsa çagalarda joşgunly şatlyk döretdi. Olar diňe bir kagyzlary suratdan doldurmak däl, eýsem biri-biriniň ýüzüni-de reňkläp çykdylar.

Umuman, bagda teklip edilýän kärleriň hemmesine-de çagalar öz fantaziýasyny girizýärdiler: hatda adaty pol süpürmegi-de olar oýna öwrüp, çyndan şatlanýardylar. Bu kiçijek adamlaryň döredijilik uçgunlaryny we durmuşa bolan söýgüsini mugallymlar elde baryny edip goldaýardylar we oýun pursatlaryny çagalara hasap hem başlangyç sowat öwretmekde ulanýardylar. Çagalar bilen gatnaşykdan ulularyň özleri-de uly lezzet alýardylar.

Şeýle-de bolsa, başda käbir ata-eneler bu pedagogik başlangyja seresaplylyk bilen garadylar: eneler gelip, çagalar bagynyň garşysynda oturyp, çagalarynyň näme bilen meşgullanýandyklaryna uzak wagtlap syn edýärdiler. Çagalar bolsa bu wagtda harp we hasap öwrenýärdiler, güne çoýunýardylar, açyk howada top oýnaýardylar, oýnap bolansoňlar bolsa, howluda, agaçlaryň saýasynda uklaýardylar. Çagalarynyň dokdugyna, gyzykly we peýdaly iş bilen meşguldygyna göz ýetiren eneler arkaýynlaşyp, öýli-öýüne gaýdýardy.

Çagalar ulalýardy, ine, eýýäm olar ýedi ýaşap, baga jigilerini getirýärdiler. Bakja toparyny açmak zerurlygy ýüze çykdy. Tizden ol döredilip, aşpez, eneke, şypagat uýalary bilen üpjün edildi. Bakja ambulatoriýasynda diňe bir çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem olary bejerýärdiler hem. Zerurlyk bolan ýagdaýynda bu ýere ulular-da ýüzlenýärdiler.

Ilkinji tejribe-nusgawy çagalar bagynda ulanylýan terbiýe we okuw usulyýetleri bilen diňe Aşgabatda däl, eýsem ýurduň beýleki sebitlerinde-de gyzyklanyp başladylar. Mekdebe çenli magaryf hat-swat öwretmek hereketi - täze döreýärdi. Şol sebäpden guramaçy mugallymlar öz çagalary barada täze başlaýan terbiýeçiler üçin goldaw bolup biljek bir kitap ýazmak pikirine geldiler. Şeýdip, 1930-njy ýylda Aşgabatda çap edilen «Nobatçylar» kitaby dünýä indi. Onda türkmen we rus dillerinde, başgaça atlandyrylyşy ýaly, «körpeler üçin mekdep» durmuşy beýan edilýärdi. Kitabyň awtorlary Ýewgeniýa Stepanowna Dabeç we ony surat bilen bezän adamsy, suratkeş Wladimir Aleksandrowiç Gruzdýewdi. Kitapdaky ähli suratlar hakyky durmuşdan alnandy, hatda köp ýyl geçenden soň hem, çagalar şol suratlarda özlerini tanaýardylar. Kitaby şol döwürde eýýäm tanymal ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen täze başlaýan kyssaçy Hajy Ysmaýylow terjime edipdiler.

Türkmenistandaky ilkinji çagalar bagynda terbiýelenenleriň ykbaly dürlüçe boldy. Oglanlar we gyzlar diňe gowy edep-terbiýe däl, eýsem gowy bilim, sowat hem aldylar. Olaryň köpüsi soň mugallym, ýazyjy, alym boldy. Şol çagalaryň arasynda ajaýyp suratkeş Çary Amangeldiýewiň adyny agzamak bolar.

Ilkinji oba çagalar bagynda terbiýe alanlardan Beýik Watançylyk urşunda söweşenleri-de ýatlaman geçmek bolmaz. Dogduk obasyna – Köşä olaryň hemmesi gaýdyp gelmedi. Öz janlaryndan geçip, olar geljekki nesilleriň – öz nebereleriniň, Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň parahat hem bagtly çagalyga hukugyny goradylar.

Wladimir ZAREMBO