Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy.
Ekologiýa, maglumat howpsuzlygy we beýleki ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak bilen bir hatarda, häzirki zamanyň sebit hem-de halkara derejelerdäki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde ysnyşykly gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça býurosy, Köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly institutlary bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy bellenildi.
Energiýa howpsuzlygy ulgamynda, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde energiýa durnuklylygy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamakda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ulag durnuklylygy agzalyp geçildi.