Ï Şitilhana hojalyklaryna – öňdebaryjy tehnologiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şitilhana hojalyklaryna – öňdebaryjy tehnologiýalar

view-icon 2529

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary şitilhana hojalyklaryny ösdürmäge bagyşlanan onlaýn konferensiýa geçirip, türk kärdeşleri bilen pikir alyşdylar.

Türk telekeçileriniň bu pudakda uzak möhletli iş hyzmatdaşy hökmünde türkmen telekeçilerini saýlap tutmagy tötänden däl. Türkiýe şitilhana hojalyklarynyň meýdany boýunça Ýewropada Niderlandlardan soň ikinji orny eýeleýär. Şitilhana hojalyklary bu ýurduň 81 welaýatyndan 71-inde giňden ýaýbaňlanandyr. Öndürilýän önümiň mukdary we möçberi boýunça oba hojalyk sektorynyň 90%-den gowragyny şitilhana hojalyklary tutýan Antalýa, Izmir, Mugla, Aýdyn we Adana welaýatlary başky orunlary eýeleýärler.

Onlaýn söhbetde türkmen telekeçileri Antalýaly kärdeşlerini aýratyn dykgat bilen diňlediler. «NASSAN» türk şereketiniň wekilleri bolsa öz öndürýän şitilhanalary barada gürrüň berdiler. Öňkülerden tapawutlylykda «NASSAN»-yň şitilhana toplumlary has çydamly, uzakçyl we has gysga wagtda ýygnalýar. Ýygnamada ýa ulanylyşda ýüze çykyp biljek korroziýa bilen bagly ähli meseleler kebşirsiz ýygnama ulgamynyň saýasynda aradan aýrylypdyr. Üstesine-de şereket, şitilhanalary, suwarmagy, dökün bermegi awtomatlaşdyrma, klimat gözegçiligi, şeýle hem şitil oturtma boýunça hünärmenleriň maslahatyny-da öz içine alýan «açaryny towlaýmaly» edip taýýarlamak hyzmatyny-da ýerine ýetirýär.

Onlaýn söhbete gatnaşan türkmen telekeçileri Nurmyrat Gapurowy we Wepa Akmyradowy «NASSAN»-yň önüminiň beýan edilen artykmaçlyklaryndan başga-da türk önümleriniň elýeterli bahalary bilen ýokary tehnologiýasy gyzyklandyrdy.

Onlaýn duşuşyga gatnaşan Türkiýäniň dürli banklarynyň, senagat we söwda ministrlikleriniň wekilleri türkmen telekeçileriniň köp sanly soraglaryna jogap berdiler. Olaryň aglabasy öndürilýän şitilhanalaryň hili blen gyzyklandylar. Ýerli telekeçiler üçin bu – türk önümleriniň ýerli şertlere uýgunlaşmasy esasy meseledir. Galan zatlarda, zähmetsöýerlikde, erjellikde, iň gowy netijeleri gazanmak isleginde türkmenistanly oba hojalyk haytlaryny öndürijileri eýýäm iş ýüzünde subut edişleri ýaly, başgalardan kem galmaýarlar.

Mysal üçin, öten ýylda telekeçi Arslan Nurgeldiýew ýurdumyzyň bazarlaryna 70 tonna golaý şitilhana gök önümini tabşyrdy. Onuň häzirki zaman şitilhana toplumlary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen Watan daýhan bileşiginiň düzümine girýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Ak ýap daýhan birleşiginiň «Mähriban obam» telekeçileriniň gazanan üstünlikleri-de şondan az däl. Şu ýyl olar öz şitilhanalaryndan içeri we daşary (Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Azerbaýjan) bazarlaryna birnäçe tonna ýokary hilli oba hojalyk önümini iberdiler.

Häzirki onlaýn konferensiýa Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmeleri çäginde bellän çäreleriniň biridir.

Birnäçe wagt mundan öň Kaka etrabyna iş saparynda şitilhana toplumlaryny açmak bilen, ýurduň Prezidenti hem ýurt daşyndaky, hem ýurt içindäki öňdebaryjy oba hojalyk önümçileri bilen onlaýn gatnaşygy ýola goýmagy, şeýle hem Birleşikde şitilhana hojalyklary boýunça maglumat bazasyny döretmegi maslahat beripdi. Hakykatdan-da, şunuň ýaly zerurlyk bar. Bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň guran iň täze tehnologiýalar we suw tygşytlaýjy sistemalar bilen üpjün edilen şitilhanalary ýylda sekiz müň tonna gök önüm öndürmäge hasaplanandyr.

“AA” habarçysy