Ï Türkmenistanyň wekiliýeti ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy

view-icon 2984

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.

Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Russiýanyň ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biridir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň garaýşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň giň gerimli halkara forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň onuň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýändigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen eden söhbetdeşligi taryhy ähmiýetli syýasy waka boldy. Şonda milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Şol ugur umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän köp ugurly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow forumyň mowzuklaýyn mejlisinde eden çykyşynda maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasynyň maksatlary we esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Bu günki mejlisde şäheriň ösüşiniň wajyp meýilleri hem-de umuman, uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryşyň döwletiň we şähergurluşyk işewürliginiň özara gatnaşyklary nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gürrüň bu ýerde ykdysady we durmuş şertleriniň bir ugur boýunça utgaşdyrylýandygy barada barýar. Hut şonuň üçin hem şähergurluşygyň, şäher gurşawynyň ozal endik edilen ugurlary häzirki zaman ýokary hilli görkezijilere öz ornuny berýär.

Häzirki döwürde şäherleriň ösüş derejesi adamlaryň maddy we ruhy ýagdaýy, olaryň daşky gurşaw bilen sazlaşygy hem-de işewürligi arkaly durmuş hiliniň arasyndaky deňeçerlik, saglygy we durmuş taýdan özüni duýşy ýaly toplumlaýyn şertler arkaly kesgitlenilýär. Bu anyk we oňyn meýiller şäher durmuşynyň sazlaşygynda kemala gelýär.

Bu maksada ýetmek üçin wagt, çynlakaý maliýe serişdeleri, netijeli dolandyryş çözgütleriniň zerurdygy bellenildi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ilatyň ösüşiniň sazlaşykly we tebigy häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygy barada barýar. Ol durmuş düzüminiň ösdürilmegi, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, dynç alyş merkezleriniň we beýleki desgalaryň gurluşygy bilen ugurdaş alnyp barylmalydyr.

Ulag pudagy möhüm meseläni özünde jemleýär. Netijeli ulag ulgamynyň bolmagy şäher düzüminde amatly gurşawyň kemala gelmegini üpjün edýär. Adamlaryň täze durmuş şertlerine uýgunlaşmagy şäher düzümini ösdürmekde möhüm şertdir. Bu gün adamlaryň arasyndaky wirtual gatnaşyklar uly şäherlere mahsus ýagdaýdyr. Bu ugurlar doly derejede göz öňünde tutulmalydyr we şäher düzümi bilen baglanyşykly anyk çözgütleri işläp taýýarlamaga amatly çemeleşmeler tapylmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleriň ösüşine we şäher ilatynyň düzüminiň sazlaşykly bolmagyna möhüm ähmiýetiň berilýändigi bellenildi. Aşgabatda täze “akylly” şäher ýörelgesine eýerýän şäheriň döredilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu adamlaryň ýaşamagy we işlemegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegini aňladýar.

Gürrüň, ilkinji nobatda, amatly, ekologiýa taýdan arassa we abadan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy barada barýar. Täze şäherde aýratyn zolaklar, durmuş maksatly desgalar döredilýär. Olar çagalar baglaryndan, mekdeplerden we hassahanalardan ybaratdyr. Şunda ýaşaýyş toplumlary we durmuş maksatly desgalar köp gatnawly ulag ýollaryndan uzakda ýerleşdirilýär. Aşgabadyň çäklerinde we töwereklerinde ozalky senagat zolaklarynda sanlylaşdyrmak işleri geçirilýär. Bu bolsa, dolandyryşyň köneçil usullaryna täzeden garamagy, işiň täze ugurlaryna şahsy garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu usul herekete girizildi we özüniň oňyn netijelerini berýär.

Täze şäherde telekeçilige goldaw bermek üçin oňyn şertler kemala gelýär. Bu ýerde hyzmatlaryň we dynç alşyň köp ugurlary ýola goýlar. Şeýle hem durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin sport toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Işewür taslamalary höweslendirmek üçin Işewürlik merkezleri we halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen desgalar gurlar. Şeýle hem şäheriň ekologiýa derejesine, daşky gurşawyň goralmagyna, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze, iri ýaşaýyş toplumy bolan “Aşgabat-sitiniň” gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ýakyn ýyllarda umumy meýdany 744 gektar bolan çäkde dürli maksatly 200-den gowrak desgalary özünde jemleýän taslama amala aşyrylar. Onda adamlaryň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşyny tamamlap, foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň resmi açylyşy yglan edildi. Forumy guraýjylara we onuň myhmanlaryna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gutlag sözi bilen ýüzlendi. Russiýanyň döwlet Baştutany ýurduň demirgazyk paýtagtynda geçirilýän halkara ykdysady foruma gatnaşýanlara hoşallyk bildirip, bu çäräniň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de onuň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde ajaýyp mümkinçilikdigini belläp, forumyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülendigini nygtady.

Foruma gatnaşmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Sankt-Peterburgda ýurdumyz bilen netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýändigi bellenildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gatnaşýan Peterburg halkara ykdysady forumynyň ähmiýeti barada aýdyp, ýurdumyzyň amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge, onuň barha berkeýän ulag-logistiki düzüminiň kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň “Obýedinýonnaýa sudostroitelnaýa korporasiýa” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, baş direktory Alekseý Rahmanow bilen hem duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ulag ulgamynda, şol sanda deňiz flotuny döwrebaplaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän strategiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna başlyklyk ediji Alekseý Owerçuk bilen-de duşuşyk geçirdi.

Onuň dowamynda iki ýurduň ähli ugurlar boýunça möhüm gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Hökümetara topara hem-de onuň çäklerinde hereket edýän söwda we maýa goýuma goldaw bermek boýunça ýokary derejeli topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Şeýle hem ulag, energetika, senagat, maliýe ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň, bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde bolmagynyň çäklerinde “Wodokanal Sankt-Peterburga” döwlet unitar kärhanasynyň düzümine girýän “Suw dünýäsi” sergi-gözden geçiriliş toplumyna baryp gördi. Türkmenistanyň wekilleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergi bilen tanşyp, çäräni guraýjylara gyzykly gezelenç üçin hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Sankt-Peterburg şäheriniň gözel ýerlerinde gezelençde bolup, onuň binagärlik gözellikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem Newa derýasy boýunça gämili gezelenç etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hemişe açykdyr. Şeýlelikde, ýurdumyzyň wekiliýetiniň ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine hem-de Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagy milli Liderimiziň deňhukukly, işjeň we uzak möhletleýin esasda döwletara hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar.