Watan harmanyna – galla akymy

eye
942
Watan harmanyna – galla akymy

Mary welaýatynyň meýdanlarynda bugdaýyň köpçülikleýin oragy ýaýbaňlanýar. Orak döwründe işe çekilen kombaýnlaryň sanyna görä, olar 507 sany bolar. Bilermenler olaryň her biriniň möwsümiň dowamyda 350 gektara golaý meýdanyň hasylyny ýygmalydygyny kesgitläpdirler, bu bolsa dünýä boýunça oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň öndürijilik ukybyna laýyk gelýär. Oňat tehniki üpjünçilik, berk bejergi bazasy ýygymyň ýokary depginde geçjekdigini kesgitleýär. Gallaçylary saldamly başlary däneleriniň dökülmegine ýol bermän, tizden-tiz ýygmaga sebitde ornaşan gurak, yssy howa-da gyssaýar.

«Gallany meýdanlardan çykarmagy tizleşdirmek üçin, kabul ediş nokatlaryny uly galla meýdanlaryna golaýlaşdyrmak bilen, özümiz galla akymyna kömek edip başladyk» diýip, «Mary galla önümleri» ÖB-niň taýýarlaýyş bölüminiň başlygy Maksat Kerimow aýdýar. «Galla oragy başlamazdan öň, biz hem döwlet awtokärhanalary, hem-de hususy kärhanalar bilen şertnama baglaşmak arkaly bu işe 2,5 müňden gowrak awtomobili çekdik. Awtomobilleri eglemezlik üçin, kabul ediş nokatlarynda hasyly kabul etmek üçin zerur bolan ähli desgalar taýýarlandy. Barlaghanalar gallanyň hilini tiz kesgitleýän täze enjamlardyr, kompýuterler bilen üpjün edildi, terezihanalar bolsa Döwlet standartlary tarapyndan barlanyldy. Ýükli ulagy boşatmak, barlaghanada derňew geçirmek, gallany girdeji hasabyna geçirip, tabşyran adama onuň hilini, mukdaryny we bahasyny görkezmek bilen, ýük resminamalaryny bermek üçin, ýarym sagatdan-da az wagt gerek bolar. Galla tabşyryş rejenamasy kabul ediş nokatlarynyň mümkinçilikleri hasaba alnyp düzüldi, şonuň üçin-de dyknyşyk aradan aýrylmalydyr, ýöne ol ýüze çykaýan ýagdaýynda gözegçiler gallany iň golaý kabul ediş nokadyna ugradarlar. Ähli kabul ediş nokatlarynyň, bu ýyl olar 45 sany, sygymy diňe bir ýetişdirilen hasylyň hemmesini wagtynda kabul etmek däl, eýsem, gaýtadan işlenýänçä, ýitgisiz saklamaga-da mümkinçilik berer».

Welaýatyň 170 gektara barabar bolan galla meýdany bu ýyl bugdaýyň ýerli, Ýolöten seleksiýa sorty bilen Krasnodar sortunyň arasynda bölündi. Bu sortalaryň ikisi-de bu ýerde durnuklu ýagdaýda oňat hasyl berýär. Şu ýyl Murgap jülgesiniň gallaçylary 445 müň tonnadan az bolmadyk azyklyk bugdaý ýygmakçy, şeýle etmek bilen-de, diňe bir welaýatyň ilatyny öz öndüren gallasy bilen üpjün etmän, eýsem, döwlet harmanlaryny-da doldurmagy niýet edinýärler.