Ï Dosta wepalylygyň, şähdaçyklygyň, nepisligiň we aklyň muşdagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dosta wepalylygyň, şähdaçyklygyň, nepisligiň we aklyň muşdagy

view-icon 1932

Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 222 ýyllygyna bagyşlap A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry bolan wakalar esasynda diýen özüne çekiji takyklama bilen «Dostlar, ne ajap biziň jemligimiz!» atly täze spektakl taýýarlady. Adyndan belli bolşy ýaly, ol beýik şahyryň liseýde okan döwrüne bagyşlanypdyr. Pýesanyň awtory we ony goýan režisýor – Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukert.

Spektaklyň ähli wakalary imperatoryň goldawynda bolan aýratyn hukukly Sarskoýe selo liseýinde bolup geçýär. Ol ýerde okaýanlaryň aglaba bölegi garyp düşen dworýanlaryň neberelri. Liseý okuwçylarynyň gatnaşyklarynyň Sarskoýe selo liseýiniň hakyky jaýlarynyň, binasynyň daş görnüşiniň, girelgesiniň, kitaphanasynyň, okuwçylaryň biriniň otagynyň fotosuratlarynyň fonunda görkezilmegi onuň üýtgeşik aýratynlygydyr.

«Dostlar, ne ajap biziň jemligimiz!» spektaklynda ähli ýagdaýlar – liseý döwrüniň dostlugy, bir-biregi goldamak, hat-da käte jedeller hem bolup geçýär.

Spektakl dostluk gatnaşyklary, geljege bolan ýagşy umytlar, ýetginjeklik döwri hakyndaky ýatlamalar bilen tomaşaçylaryň ýüregini elendirdi. Hut şu sebäpden hem gysga, ýöne juda parlak we netijeli ömrüniň ahyryna çenli doslugyna wepaly bolan Aleksandr Sergeýewiç Puşkin tomaşaçylara has-da ýakyn boldy.

Tamara GLAZUNOWA

 Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN