Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

view-icon 1541

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň milli söwda-senagat hem-de sebitleriň edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini onlaýn usulda bir ýere jemlän bu çäräniň maksady COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady şertlerde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek boýunça tejribe alyşmakdan, häzirki ýagdaýy nazara alyp, iň gowy tejribelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň gün tertibine söwda-senagat edaralarynyň işlerini höweslendirmek hem-de hususy işewürligi goldamak, ony sanlylaşdyrmak, edaralaryň, ugurdaş guramalaryň we jemgyýetçilik düzümleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklar hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, telekeçileriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Onlaýn foruma gatnaşyjylar hususy bölegi ösdürmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam bermek, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin degişli şertleri döretmek, daşary ýurtlaryň işewürler toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşindäki işine ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň nukdaýnazaryndan garalýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýet ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşmak bilen, telekeçiligiň höweslendirilmegine, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berýän köp sanly iri çäreleriň guramaçysy hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşinde başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda bu düzümiň XI mejlisi geçirildi, onuň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň maýa goýum-innowasiýa ösüşinde söwda-senagat edaralarynyň orny, şeýle hem migrasiýa syýasatyny kämilleşdirmek babatynda bu edaralaryň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitara söwda, önümçilik we maýa goýum birleşmelerine esasy üns bermek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň maksatnamasy kabul edildi. Şeýle hem telekeçiligiň höweslendirilmegine, Türkmenistanda hem-de tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän birnäçe iri çäreler guraldy.

Şu gezekki maslahatyň barşynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň söwda-senagat we sebit edaralarynyň, guramalaryň hem-de hususy kompaniýalaryň daşary söwda gatnaşyklaryny hem-de sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz ýurtlarynyň işewürler toparlarynyň ykdysady bähbitlerine wekilçilik etmek, olaryň arasynda has ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumatlar diňlenildi.

Işewürlik işlerini sanlylaşdyrmak, hususan-da, telekeçileriň önümlerini daşarky bazarlarda işjeň ýerlemek maksady bilen, elektron täjirçiligini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Wideomaslahata gatnaşyjylar söwda-senagat edaralarynyň bileleşiginiň Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda ykdysady, goşulyşmak, ylmy-tehniki we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ornuny nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem pugtalandyrmak boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi