Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy işe başlady

eye
403
Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy işe başlady

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Guramanyň ýurt boýunça agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli hem-de daşary ýurtly KHBS-niň žurnalistleri gatnaşdylar. Dabara şeýle-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Çäräniň açylyşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabatda ÝUNOPS-yň Wekilhanasynyň açylmagynyň BMG-niň howandarlygynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekdäki ähmiýetini belledi.

Şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgandyň çykyşy diňlenildi. Ol ýurtda ÝUNOPS-yň Wekilhanasynyň açylmagynyň milli we sebit derejelerde BMG-niň ähli agentlikleri bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalary durmuşa geçirmekde saldamly goşant goşjakdygyny nygtady.

Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň Awstriýadaky müdiri Freýa fon Groote çykyş etdi. Ol çärä gatnaşyjylara ÝUNOPS-yň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi hem-de bar bolan taslamalary, şol sanda saglygy goraýyş we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda taslamalary durmuşa geçirmekde BMG-niň ýurt boýunça topary we Türkmenistanyň Hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyna ynam bildirdi. Hanym Freýa fon Groote Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen täze grant taslamasyny durmuşa geçirmegiň maksatlary we tapgyrlary barada gysgaça gürrüň berdi.

BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň wekilhanasynyň açylmagy Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr bolup durýar.