Ï Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň ilçisiniň metbugat maslahaty boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň ilçisiniň metbugat maslahaty boldy

view-icon 3172

Şu gün, 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň 2020-nji ýylyň başyndan häzirki wagta çenli döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan metbugat maslahaty boldy.

Diplomat çäräniň başynda pandemiýa başlandan soň dünýä bileleşiginiň duçar bolan kynçylyklaryny ýatlatdy. Ol dünýä ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirdi, emma, ilçiniň aýtmagyna görä, Russiýa bilen Türkmenistan bu çylşyrymly döwri beýleki döwletleriň köpüsinden IUÖ-de has az ýitgi bilen geçdiler.

Blohiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky häzirki gatnaşyklar «strategik hyzmatdaşlyk» häsiýetlidir.

Pandemiýa bilen baglanşykly çäklendirmeler aradan aýrylandan soň medeniýet wekilleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine garaşylýar, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk Russiýanyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg bilen has-da işjeňleşdiriler.

Ykdysdyýet üçin çylşyrymly döwre garamazdan, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanşygy 40% artdy. Şeýle hem diplomat türkmen tarapynyň «ýaşyl ýangyjy» ibermek boýunça ylalaşyklary doly ýerine ýetirýändigini nygtady.

Ilçi Russiýanyň «КAMAZ», «Tatneft», «Lukoýl» we başga-da ençeme iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň COVID-19 garşy Russiýada öndürilen sanjymlaryň birnäçesiniň sertifikatlaryny çalt hasaba alandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň raýatlarynyň howpsuzlygy we saglygy barada yzygiderli aladasynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Geçen ýekşenbede Aleksandr Blohiniň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilenine 10 ýyl doldy. Çärä gatnaşan KHS-niň wekilleri diplomaty bu sene bilen gutladylar we oňa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirlen netijeli işinde geljekde-de üstünlikler arzuw etdiler.

Roman Teplýakow
Surata düşüren: Wýaçeslaw Sarkisýan