Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar!
Hormatly talyplar!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini dowam etdirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biridir.

Biz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Ylmy barlaglaryň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti emele getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Çuňňur bilimlere, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara hem-de innowasiýalara daýanyp, ähli mümkinçilikleri beýik işleri amala aşyrmaga gönükdirýäris. Şol bir wagtda hem döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan, bilimli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýarys.

Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy edaralarda sazlaşykly ýola goýlan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr.

Merdana ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Bu ulgamyň her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň ösüşi üçin uly ähmiýete eýedigine göz ýetiripdirler. Ylym älemiň heniz aň ýetirilmedik syrly gapylaryny açyp berýän ägirt uly güýçdür, täsinlikler dünýäsine ýolbeletdir, ylym bilen meşgullanmak bolsa uly abraý gazanmaga eltýän ýoldur. Ylymly ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir, halkymyzyň nurana ertirine bolan parlak umydydyr, türkmeniň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mertebeli dowamatydyr. Ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy döwletimiziň gazanýan üstünlikleri bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň ylym bilen meşgullanmagyna giň goldaw berip, zehinli ýaşlary ylmy gözleglere ugrukdyryp, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin hemişe tagalla etmelidiris.

Döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary örän möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň çäginde hünärlerini kämilleşdirmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.

Hormatly ýaş alymlar!

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan işler ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezip bilmekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine biz aýratyn buýsanýarys.

Beýik we asylly häsiýetleri, aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri, täze ylmy oýlap tapyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir. Biz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary ederis.

Mähriban ýaşlar!
Hormatly talyplar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzda ylmy ösdürmekde we ony belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.