Ï Onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi

view-icon 8059

2021-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Uralsk şäherinde karate-do boýunça wideo ýazgy üsti bilen onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi. Bu online halkara ýaryşyna Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Ol ýaryşa 20-ä golaý döwletden 500 töweregi türgen gatnaşdy. Şeýle uly ýaryşlara biziň türgenlerimiziň gatnaşmagy we ýeňiji bolmagy türkmen sportunyň abraýyny has hem beýgeldýär.

Türkmenistanly türgenler karateniň şahsy kata we şahsy kihon görnüşlerinden çykyş etdiler. 

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebinden Çerkez Myratdurdyýew bu ýaryşda karateniň şahsy kata we şahsy kihon görnüşlerinden çykyş etdi.

Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň okuwçysy Yhlas Annagurbanow ýaryşda karateniň şahsy kata we şahsy kihon görnüşlerinden çykyş etdi

Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýagmyrmyrat Sähetmyradow ýaryşda karateniň şahsy kihon görnüşinden çykyş etdi.

 Aşgabat şäheriniň Milli Federasiýanyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýew ýaryşda eminlik etdi.

Azady Myradow