Ï Batumide Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan gelýän dökünleri üstünden geçirýän täze terminal açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Batumide Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan gelýän dökünleri üstünden geçirýän täze terminal açyldy

view-icon 3037

Batuminiň deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri multimodal terminal açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Report saýty habar berýär.

Saýt Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigini belleýär. Habarda Türkmenistanda Hazar deňziniň günorta böleginde golaýda işe girizilen dökünleri öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň ýylda 1,2 millon tonna golaý karbamid çykarýandygy, onuň 90% -den gowragynyň eksport edilýändigi nygtalýar.

Batumi portunyň täze terminalynyň ýylda 1,5 million tonna mineral dökünleri gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada öndürilýän önümler Azerbaýjanyň üsti bilen Batumä getirilip, ol ýerdenem ABŞ-daky, Ýewropadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky sarp edijilere ugradylýar.

Bilermenler pandemiýadan soňky döwürde mineral dökünlere islegiň has artjakdygyny çak edýärler, çünki dünýäde oba hojalyk we azyk önümlerine isleg ýokarlanýar.