Ï BSG: sanjymlara deňhukukly ýeterlilik pandemiýany ýeňmäge ýardam eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSG: sanjymlara deňhukukly ýeterlilik pandemiýany ýeňmäge ýardam eder

view-icon 3600

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň metbugat maglumatlarynda habar berlişi ýaly, Kornoulda, Birleşen Patyşalykda, geçen sammitde Ýedilik topara (G7) girýän ýurtlaryň ýolbaşçylary sanjymlara deňhukuklylygy üpjün we pandemiýanyň ýiti döwrüni tamamlamaga ýardam etjek COVID-19-a garşy sanjymlaryň halkara paýlanyşygy barada taryhy ylalaşyk baglaşdylar. «Uly ýedilik» COVID-19 garşy sanjymyň ýene 870 mln. dozasyny gönüden-göni alyjylara bermäge borçlandy. Onuň, iň bolmanda, ýarysyny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli gowşurmak göz öňünde tutulypdyr.

«Birnäçe iň baý ýurduň ýolbaşçylarynyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň ýaşaýyş üçin wajyp sanjymlar elýeterli bolmagy üçin tagallalaryny birleşdirýän taryhy pursady gelip ýetdi, – diýip, Epidemiýalara taýynlygy üpjün etmek pudagyndaky innowasiýalar boýunça Koalisiýanyň (CEPI) direktory doktor Riçard Hatçet ynamly aýtdy. – Häzirki pandemiýanyň görkezişi ýaly, biz aýry-aýry ýurtlaryň bähbitlerini halkara bähbitlere garşy goýup bilmeris. COVID-19 ýaly kesel hemme ýerde togtadylmalydyr. Adamlaryň sanjym alyp bilmekleri, biziň derňewlerimiziň we barlaglarymyzyň wirusyň indiki her bir ädimini öňünden üýtgewsiz bilmegi üçin, biz entek köp iş etmeli bolarys, emma bu gün biz demimizi dürsäp, syýasy golaýlaşygyň we hyzmatdaşlygyň özgeriş pursadyny belläp bileris».

Ýedilik toparyň agzalary bolan döwletleriň öz üstlerine alan bu uly borçlaryny COVID-19 garşy göreş üçin serişdelere ýetmek boýunça Inisiatiwanyň COVAX-komponentiniň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan ÝUNISEF-de makullady. ÝUNISEF özüniň dünýäde iň uly sanjym tapgyryny satyn alma tejribesinde daýanyp, COVID -19-a garşy sanjymlary satyn almak, daşamak, ugurlary kesgitlemek we saklamak meseleleri boýunça öndürijiler hem hyzmatdaşlar bilen bilelikde hereket edýär. ÝUNISEF BSG bilen bilelikde ýurtlaryň “sowuk zynjyrlary” saklaýan zerur abzallary taýýarlamagyň we saglygy goraýyş işgärlerine sanjym etmek usullaryny öwretmegiň hasabyna sanjymlary kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmek üçin olaryň hökümetleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. ÝUNISEF, şeýle hem, sanjymlara oňyn garaýyş döretmäge gönükdirilen habarlary ýaýrtamak we galp maglumatlara garşy durmak bilen, bütin dünýäde sanjymlara ynamy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işde esasy orny eýeleýär.

BMG-niň çagalar gaznasy meýilnamalaýyn immunirleme (immunitet döretme) geçirmek we kesel ýaýramasyny aradan aýyrmak üçin, takmynan 100 ýurduň adyndan her ýyl 2 milliarddan-da köp sanjym dozasyny satyn alýar. Soňky 12 ýylyň dowamynda ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümeti bilen-de immunirleme pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-klinik merkezinde Halkara çagalary goramak güni mynasybetli geçirilen çärede çykyş edip, ÝUNISEF-iň ýurtdaky edara başlygy hanym Kristin Weýgand doly suratda içerki çeşmelerden maliýeleşdirilýän sanjym satyn alma we Türkmenistanda ählumumy immunirleme geçirilmegi ýurduň hökümetiniň ilatyň, aýratyn-da çagalaryň saglygyny üpjün etmek boýunça edýän yzygiderli tagallasynyň bir mysalydygyny nygtady.

«Mir» MTRK-nyň başlygy R.Batyrşin bilen bolan söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ilata 14 infeksiýa garşy hökmany sanjymyň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda türkmen alymlarynyň howply ýokanç keselleriň öňüni almak pudagynda geçiren köpýyllyk barlaglarynyň netijeleri, olary bejermegiň öňdebaryjy usulyýetleri, däp bolup gelýän halk serişdeleri, dermanlyk otlar we ösümlikler-de ulanylýar. Bu bolsa, köp babatda, adamyň organizminiň howply kesellerden goranmak funksiýasynyň güýçlenmegine ýardam edýär.

COVID-19 howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden Türkmenistanda koronawirusa garşy göreş boýunça guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysadyýet, sanitar-epidemiologik, lukmançylyk we karantin häsiýetli çäreler toplumyny özünde jemleýän bir bitewi milli strategiýa işlenip düzüldi.

Ogulgözel Rejebowa