Ï «Çöl gämisi» – düýe
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Çöl gämisi» – düýe

view-icon 4749

Elbetde, düýeleriň şanyna bedewleriňki ýaly goşgy goşulyp, halk döredijiliginde olaryň waspy ýetirilmese-de, türkmenler bu jandara uly sarpa goýupdyrlar, çünki hojalykda onuň belli bahasy ýokdur.

Türkmenler çöl jöwzasyna çydamly we uç-gyraksyz beýewanda gezmäge uýgunlaşan düýlerde alys ýollara gidipdirler, sebäbi düýe örküjindäki ýagynyň hasabyna köp wagtlap ot-iýmsiz, iň esasy-da suwsuz oňup bilýär. Özi hem ýük çekmekde atdyr eşekden has güýçlüdir.

Arwana düýeleriň süýdi sygyr ýa-da goýun süýdünden has ýaglydyr. Ondan çal we agaran alynýar.

Onuň ýüňi hem has ýylydyr, özem dowarlardyr atlar ýaly üýtgeşik idege-de mätäç däl, aýlarboýy çöl-beýewanda otlap gezip ýörendir. Düýe möjekden çekinmeýär, çöl ýerde ondan uly ýyrtyjy bolmaýaram. Ekarançylykda öküzler bilen birlikde düýelerde ýer sürüpdirler, olary jykyrlarda we guýy gazylanda ulanylypdyr.

Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleri -- Altyndepeden, Şordepeden, Goňurdepeden we beýleki ýerlerden tapylan arheologik tapyndylar miladydan öňki III müňýyllyklarda şu ýerlede eldekileşdirilen iki örküçli düýeleriň peýda bolandygyny tassyklaýar.

Bir örküçli düýeler Türkmenistanyň çäginde has gijräk – miladynyň VII asyrynyň ortasynda peýda bolýar. Bu ýeriň gurak we yssy howasy iki örküçlilere garanda olara has ýaramly bolupdyr.

Bu düýelerde kejebe gurap, gelin getirilmeginiň hem özboluşly ähmiýeti bar.

Adatça haly gölleriniň eteklerine aýry-aýry ýa-da kerwen şekilleri salnan önümler eýýäm XVIII asyrda gabat gelip ugraýar. Türkmenleriň aýdym-tans sungatynda-da düýä hormat ýüze çykýar.

Beýik ýüpek ýoly gadym döwürlerde we orta asyrlarda Gündogar Aziýany Orta ýer deňzi bilen birleşdiripdir. Özboluşly şäherleriň, taryhy ýadygärlikleriň, ýörelgeleriň ençemesiniň, hatda döwletleriň döremegine getiren bu ummasyz söwda ýoluny üç-gyraksyz beýewandan ýol aşan kerwensiz göz öňüne-de getirip bolmaýar. Esasy ulagy düýedir eşek bolan kerwenlerde diňe bir ýüpek däl, beýleki harytlar-da daşalypdyr. Käte bir kerwende 100-den gowrak düýe bolupdyr. 

Düýäniň keşbi halk astronomiýasynda-da beýanyny tapypdyr. Türkmenler ýyldyzlar toplumynyň birine «Ak maýanyň süýdi» ýa-da «Akmaýanyň ýoly diýýärler.

Roman Teplýakow
Suratçy: Şamyrat Halmyradow