Şu ýylyň 16 — 18-nji iýuny günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) guramagynda onlaýn görnüşde geçirilen Elektron parlament boýunça 9-njy Bütindünýä maslahata gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi.
Parlamentarileriň uzak aralykdan işlemegi üçin mümkinçilikleri döretmek, sanly ulgama geçmek we onuň artykmaçlyklary, parlamentara duşuşyklary koronawirus pandemiýasy döwründe giňden peýdalanylýan wirtual görnüşde guramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek hem-de beýleki meseleler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň durmuşyň ähli ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylmagy milli, sebit hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. COVID-19 pandemiýasynyň ýaýran şertlerinde sanly ulgamyň giňden peýdalanylmagy dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Bütindünýä maslahata gatnaşyjylar Parlamentara Bileleşigiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, parlamentara gatnaşyklary hem-de özara bähbitli tejribe alyşmagy, şol sanda häzirki zaman ylmy tehnologiýalaryň gazananlaryny iş ýüzünde peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy barada garaýyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi