«TURKMENLINE» hususy ulag-logistik şereketi täze ugry özleşdirýär

eye
875
«TURKMENLINE» hususy ulag-logistik şereketi täze ugry özleşdirýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň netijesinde, döwlete degişli däl ulgamyň jemi içerki önümdäki (JIÖ) paýy, ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmasa, 70%-e ýetdi. Bu diňe bir hususy eýeçilik görnüşindäki hojalygy alyp barýan subýektleriň we telekeçileriň sanynyň artmagy, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň Döwlet býujetine barha artýan goşandy bilen häsiýetlendirilýän mukdar taýdan ösüş bolman, eýsem täze hildir, telekeçilik işiniň has giň gerimidir. Bu gün türkmen telekeçileri innowasion ugurlary diňe bir milli derejede däl, eýse halkara derejede-de özleşdirmek bilen, özlerini işiň täze pudaklarynda has üstünlikli görkezýärler.

«Turkmenline» diýlip tanalýan Aşgabatda ýerleşýän «At-abraý» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda resmi taýdan deňiz we derýa boýunça ýük daşamagy amala aşyrýan ilkinji hususy şereketdir. «Turkmenline» bütin dünýä, şol sanda GDA, Ýewropa, ABŞ we Hytaý boýunça ulag-logistik hyzmatlaryny ýokary derejede ýerine ýetirýär. Bu şereket täze möwsümde Türkiýeden Türkmenistana, şeýle hem, Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat we Ymamnazar hem-de Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň şäherlerindäki şahamçalarynyň üsti bilen Türkmenistandan Merkezi Aziýa göni hem üstaşyr ýük daşamagy amala aşyryp başlady.

Müşderilere elýeterli bahadan ygtybarly hyzmat etmek we deňiz gämileri bilen tizden-tiz daşamak «Turkmenline» şereketiniň ökde hünärli işgärleriniň ileri tutýan wezipesidir.

Ogulgözel Rejebowa