Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XV Sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda işleriň gidişi barada hökümetiň wideoaragatnaşygy arkaly mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R. Meredow aýtdy.
Ol YHG-nyň XIV Sammitinde Türkmenistanyň bu gurama başlykyygy kabul edendigini, şonuň bilen baglylykda degişli Konsepsiýanyň işlenilip taýýarlanandygyny habar berdi. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzire çenli ministrleriň duşuşykarynyň birnäçesi geçirildi. Mundan başga-da, iýun aýynda YHG agza ýurtlaryň energetika ministrleriniň 4-nji we milli statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 5-nji duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV Sammitini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi, oňa taýýarlygyň meseleleri guramanyň Baş sekretary bilen 16-njy iýunda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda hatarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary bolan Guramaçylyk iş toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen ýyllarda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky gatnaşyklarda saldamly tejribe toplanandygyny nygtady, ol uzak geljege gönükdirilen netijeli tagallalary birleşdirmek üçin ygtybarly esas döredýär. Türkmenistanyň YHG-na başlyklyk etmeginde umumy abadanlygyň bähbitlerine jogap berýän gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi göz öňünde tutýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady we YHG-nyň geljekki XV Sammitine hem-de bellenilen beýleki çärelere ýokary derejede taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy.