Ï Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2653

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzire çenli ýurdumyz boýunça 1 million 232 müň 753 tonna däne ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 88,05 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça hemme zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer galladan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk ekinleri bolan noýba, mäş, künji we gök-bakja ekinlerini ekmek, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyryny hem-de Lebap welaýatynda şaly ekinini ekmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaçalara ideg etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl welaýatda 170 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Möwsümde welaýat boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 507-si we galla daşaýan ýük awtoulaglarynyň 2 müň 535-si sazlaşykly işledilýär. Gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 45-sinde bökdençsiz kabul edilýär hem-de hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy üçin zerur işler geçirilýär.

Şu güne çenli Watan harmanyna 320 müň 766 tonna däne tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 92,98 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabatyň çäklerinde galladan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk gurnalyp, tehnikalaryň iki çalşykda işledilýändigi, şonuň ýaly-da, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Orak möwsüminde gallaçylary, mehanizatorlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen, meýdan düşelgelerinde medeni çäreler we göçme söwda guralýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimlerine söz berdi.

Ilki bilen, Mary etrabynyň häkimi S.Gylyjow hasabat bilen çykyş edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar bermek bilen, milli Liderimiziň yzygiderli alyp berýän ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalarynyň kömegi bilen etrapda şu ýyl 18 müň 800 gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy.

Häzire çenli etrap boýunça 33 müň 184 tonna däne ýygnaldy we bellenen meýilnama 89,2 göterim ýerine ýetirildi.

Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin, etrapda 57 sany däne ýygýan kombaýnlary hem-de 285 sany galla daşaýan awtoulaglary sazlaşykly işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Häkim ak ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almakda döredip berýän amatly şertleri üçin, edermen daýhanlaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, öňde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bilelikde, mundan beýläk-de güýç-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyklyk gallanyň şu ýyl üçin taýýarlanylýan mukdaryny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlerde tijenmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Garagum etrabynyň häkimi B.Ballyýewe söz berdi. Häkim milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Garagum etrabynyň gallaçylarynyň 20 müň 800 gektar meýdanda ýetişdiren galla hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Häzire çenli etrap boýunça 38 müň 948 tonna däne ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy we bu babatdaky meýilnama 89,33 göterim ýerine ýetirildi.

Galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlaryň 61-sini we bugdaý daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglarynyň 305-sini doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinde gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur işler geçirilýär.

Häkim etrabyň daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyryp, edermen daýhanlaryň öndürijilikli işlemegine döredilen giň mümkinçilikler, hemaýat-goldawlar üçin etrabyň agzybir ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, azyklyk gallany taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek üçin depgini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Murgap etrabynyň häkimi A.Agamyradow milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýetişdirilen bereketli galla hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, şu ýylda 20 müň 900 gektar meýdanda dänäniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy.

Döwlet derejesinde edilýän hemmetaraplaýyn aladalaryň we berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde etrap boýunça häzirki güne çenli 36 müň 760 tonna hasyl ýygnaldy we bellenen meýilnama 89,22 göterim ýerine ýetirildi.

Hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin, etrapda 63 sany däne ýygýan kombaýnlary hem-de 310 sany galla daşaýan awtoulaglary sazlaşykly işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýygnalan hasyl etrabyň galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär.

Häkim ekin meýdanlarynda ýetişdirilen dänäni ýitgisiz ýygnap almak ugrunda hem-de işlemäge döredip beren ähli şertleri we giň mümkinçilikleri üçin etrabyň agzybir ilatynyň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, Watan harmanyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yhlasly zähmet bilen ekin meýdanlarynda ýetişdirilip, ýygnalyp alnan hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Oguzhan etrabynyň häkimi B.Öwezow galla hasylyny ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde alnyp berlen kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen, şu ýyl 17 müň 350 gektar meýdanda dänäniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy.

Häzire çenli etrap boýunça 29 müň 446 tonna hasyl ýygnalyp, bellenen meýilnama 95,73 göterim berjaý edildi. Öňde goýlan döwlet borçnamasyny ýerine ýetirmekde etrapda däne ýygýan kombaýnlaryň 43-siniň hem-de galla daşaýan awtoulaglaryň 230-synyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Tehnikalary sazlaşykly işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyl etrabyň galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilýär.

Häkim gallaçy daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin etrabyň agzybir ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sakarçäge etrabynyň häkimi T.Kakajanow şu ýyl 21 müň 350 gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi barada hasabat berip, häzirki günlerde işleriň gyzgalaňly depginler bilen barýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň türkmen halkynyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçlary netijesinde zähmetsöýer gallaçylarymyzyň ýetişdiren hasylyny ýygnamak boýunça etrapda sazlaşykly işler toplumlaýyn alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli alyp berýän döwrebap we kuwwatly tehnikalarynyň kömegi bilen şu güne çenli etrap boýunça 42 müň 701 tonna galla ýygnalyp, bu baradaky bellenen meýilnama 96,09 göterim berjaý edildi.

Möwsümde däne ýygýan kombaýnlaryň 66-synyň hem-de ýük daşaýan awtoulaglaryň 335-siniň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Ýygnalan hasyl etrabyň galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär.

Häkim ekin meýdanlarynda ýetişdirilen gallany iň soňky dänesine çenli ýygnap almakda döredip berýän ýeňillikleri üçin, etrabyň gallaçy kärendeçileriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime gallaçy daýhanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, galla oragy möwsüminiň depginini has-da güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Wekilbazar etrabynyň häkimi G.Amanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki günlerde öňde duran jogapkärli oba hojalyk möwsüminiň alnyp barlyşy barada aýdyp, şu ýyl etrabyň çäklerindäki 17 müň 900 gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň alyp berýän ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň kömegi bilen häzire çenli etrapda 31 müň 515 tonna hasyl ýygnaldy we bellenen meýilnama 89,28 göterim ýerine ýetirildi.

Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin 54 sany däne ýygýan kombaýnlary hem-de 275 sany ýük daşaýan awtoulaglary sazlaşykly işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyl etrabyň galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär.

Häkim daýhanlaryň ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyly öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge döredip beren ähli şertleri üçin etrabyň edermen babadaýhanlarynyň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmek ugrunda möwsüme dahylly hemme adamlaryň agzybirlik bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, etrapda orak möwsüminiň barşynyň depginini güýçlendirmegi, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek ugrunda has-da tijenip zähmet çekmegi tabşyrdy.

Soňra Ýolöten etrabynyň häkimi M.Goşaýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim milli Liderimiziň oba hojalygyny ösdürmek ugrunda amala aşyrýan işlerinden we döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanan babadaýhanlaryň 12 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendikleri hem-de etrap boýunça 25 müň 213 tonna hasyl ýygnalyp, bellenen meýilnamanyň 100,05 göterim ýerine ýetirilip, öňde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelnendigi barada hasabat berdi.

Möwsümde etrap boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 34-si we galla daşamakda ýük awtoulaglarynyň 170-si netijeli işledilip, ýygnalan hasyl galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edildi.

Häkim ekin meýdanlarynda galan hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýolöten etrabynyň daýhanlaryna “Berekella!” aýdyp, meýdanlarda bar bolan iň soňky dänä çenli ýygnap almak üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmengala etrabynyň häkimi M.Saryýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň gallaçy daýhanlary tarapyndan 14 müň 800 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Häzire çenli etrap boýunça jemi 28 müň 437 tonna hasyl ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy, bu babatdaky meýilnama 91,44 göterim berjaý edildi.

Ýetişdirilen bereketli bugdaýy gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin etrapda däne ýygýan kombaýnlaryň 43-sini we ýük daşaýan awtoulaglaryň 215-sini sazlaşykly işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar, şeýle-de, ýygnalan hasyl galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär.

Häkim hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda amala aşyrylýan beýik tutumly işlere mynasyp goşantlaryny goşup, etrabyň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigini ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallanyň etrap boýunça şu ýyl üçin taýýarlanylmaly mukdaryny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda depgini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Tagtabazar etrabynyň häkimi B.Gökçeýew hem etrabyň daýhanlary tarapyndan döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigi baradaky hoş habary milli Liderimize ýetirdi.

Häkim hormatly Prezidentimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, etrabyň gallaçy daýhanlary tarapyndan 7 müň 500 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işleriň dowam edýändigini aýtdy.

Şu güne çenli etrabyň gallaçylary tarapyndan döwlet harmanyna 17 müň 311 tonna hasyl tabşyryldy we bu babatdaky meýilnama 100,06 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle üstünligi gazanmakda etrap boýunça galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 26-synyň we galla daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglarynyň 130-synyň hyzmatyndan doly güýjünde peýdalanyldy. Ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Häkim oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, pudagyň işgärlerine döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri hem-de hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza etrabyň ilatynyň adyndan tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, meýdanda galan galla hasylyny hem doly ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak üçin daýhanlaryň we möwsüme gatnaşýan ähli işgärleriň ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçilerini hem gazanan zähmet ýeňişleri bilen mähirli gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, galla meýdanlaryndaky hasyly iň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Baýramaly etrabynyň häkimi A.Ýagmurow häzirki wagtda etrapda 18 müň 600 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň gyzgalaňly dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, azyklyk dänäni taýýarlamak babatda bellenen meýilnamany ýerine ýetirmek ugrunda etrap boýunça 56 sany däne ýygýan kombaýnlar we 280 sany ýük awtoulaglary işledilýär, ýygnalýan hasyl galla kabul ediş bölümlerinde gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul edilýär. Häzire çenli Baýramaly etraby boýunça 37 müň 251 tonna galla hasyly ýygnaldy we bellenen meýilnama 95,76 göterim berjaý edildi.

Häkim daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döredýän uly mümkinçilikleri hem-de hemaýat-goldawlary üçin etrabyň agzybir halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime gallaçy kärendeçileriň ýetişdiren hasylyny ýitgisiz ýygnamak maksady bilen, galla oragy möwsüminiň depginini gowşatman, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Oratdyýew bilen söhbetdeş boldy.

Milli Liderimiz kärendeçiniň armasyny ýetirip, öý-içerileri, oba durmuşynyň, ýetişdirilen şu ýylky galla hasylynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Ý.Oratdyýew milli Liderimiziň işlemäge döredip berýän hemmetaraplaýyn oňaýly şertleri üçin taňryýalkasyn aýtdy. Ol döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, şu ýyl etrapda bugdaýyň ýokary hasylynyň ýetişdirilendigini we hasyllylygynyň gowudygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ý.Oratdyýewiň kärendeçilik bilen näçe wagt bäri meşgullanyp ýörendigini, näçe gektar kärende ýeriniň bolup, şol ýerlerde bugdaý tohumynyň haýsy görnüşini ekendigini, näçeräk hasyla garaşýandygyny, galla ýetişdirmekde dökün, suw we beýleki serişdeler bilen üpjünçilik barada sorady.

Ý.Oratdyýew 37 ýyldan bäri kärendeçi bolup işleýändigini, kärende ýerinde bugdaýyň “Ýolöten-3” görnüşini, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýändigini habar berip, özüniň 20 gektar kärende ýeriniň bardygyny, nesip bolsa, onuň her gektaryndan 30 sentnere, ortaça 60 tonna golaý bugdaý hasylyna garaşýandygyny guwanç bilen aýtdy.

Şeýle hem ol milli Liderimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, bugdaý meýdanlarynyň mineral dökünler, himiki serişdeler, suw we tehniki hyzmatlar bilen ýeňillikli bahalardan öz wagtynda doly üpjün edilýändigini belläp, döredip berýän şeýle şertleri üçin Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz orakdan soň, kärende ýerinde aralyk ekini hem ösdürip ýetişdirmegiň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Kärendeçi bugdaý oragyndan soň, öz ýerinde güýzlük gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi.

Kärendeçi milli Liderimiziň tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň nähili geçirilişi hem-de şu ýyl näçeräk girdejä garaşýandygy baradaky sowalyna döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtly-wagtynda geçirilýändigini aýdyp, şu ýylky bugdaý hasylynyň bir gektaryndan ortaça 1 müň 545 manada we jemi 20 gektaryndan 31 müň manada golaý arassa girdeji almaga garaşýandygyny habar berdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Ý.Oratdyýew kärende ýerindäki işlerden başga-da, mellek ýerinde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýändigi we mallaryna seredýändigi, şonuň ýaly-da, maşgalasynda iki oglunyň we bir gyzynyň bolup, kiçi oglunyň daýhan birleşikde kärendeçi bolup işlemek bilen, 2 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýändigi barada aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gallaçy kärendeçi işlemek we toprakdan bol hasyl öndürmek üçin döredip beren ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen, gadymy wagtlardan bäri meşgullanyp gelip, bol galla hasylyny alandyklaryny belledi. Galla — Watanyň baýlygy, ýaşaýşyň gözbaşy. Şoňa görä-de, türkmeniň daýhançylyk kärini ýaş ösdürimlere-de öwretmeli. Ýaşlarymyzda daýhançylyk kärine höwesi we söýgini artdyrmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ý.Oratdyýew hormatly Prezidentimiziň berýän öwüt-nesihatlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek we olarda daýhançylyk kärine bolan höwesi artdyrmak, görelde bolmak ugrunda ähli zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gallaçy kärendeçi şygyr setirlerinde bereketli türkmen topragyna we Watanymyza söýgüsini beýan etdi hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi:

Hoşalaryň sesi, göýä bir aýdym,

Bereketli topragy janymdan söýdüm,

Watanyma ser salyp, jennetdir diýdim,

Sag bol, Prezidentim, sag bol, Arkadag!

Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Welaýatyň galla meýdanlarynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak zerurdyr. Galla kabul ediş nokatlarynda bugdaý hasylynyň önüm öndürijilerden bökdençsiz kabul edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň rysgal-berekedi hem-de ýurdumyzyň azyk üpjünçiliginiň kepili bolan bugdaý hasylynyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi, şeýle hem welaýatyň bugdaý öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreleri görmeli. Sürümde traktorlary doly güýjünde işletmeli.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, galla oragy bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň hem agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Gowaçalaryň hatarara bejergisiniň, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gant şugundyrynyň ekişiniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini hem-de onuň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini gazanmak barada hem görkezme berdi.

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe hem-de etraplarynyň häkimlerine ýüzlenip, häzirki gyzgalaňly orak döwründe alyp barýan işlerinde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edermen daýhanlarymyz bilen bilelikde galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilip, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylynyň tabşyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi