Ï Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Ýolbaşçy komiteti gazanylan üstünlikler barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Ýolbaşçy komiteti gazanylan üstünlikler barada

view-icon 1649

Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak ýoly bilen durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-nyň Bilelikdäki maksatnamasynyň Ýobaşçy komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň hem-de BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Kristin Weýgandyň bilelikdäki başlyklygynda geçdi.

Ýolbaşçy komitetiň başlyklary öz çykyşlarynda hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde uly üstünlik gazanylandygyny bellediler. Olar şeýle hem bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda gün tertibine ýetilmegine ýardam etjekdigine umyt bildirdiler.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýolbaşçy komitetiň agzalaryna ulgamlaýyn üýtgetmeleri goldamak üçin soňky 6 aýda kanunçylyga seljerme bermek boýunça alyp barlan işler barada habar berdiler. Bilim ministrliginiň bilermenleri ulgamyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanda durmuş gulluklarynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça uzak we gyzga möhletleýin strategiýalar bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlar maksatnamany üstünlikli tamamlamak üçin indiki alty aýdaky geljekki işleri ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-nyň agentlikleriniň wekilleri ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça häzirki tagallalaryň ýurduň durmuş taýdan goraglylyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolmagy üçin milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň wajyplygyny nygtadylar.

Şeýle hem mejlisiň barşynda durmuş işleri boýunça hünärmenleri döwlet býujetine goşmak mümkinçiligine we ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmek ulgamyny döretmek üçin edilmeli zerur işlere degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar BMG-nyň DÖM-niň Birleşen gaznasynyň maliýeleşdirýän durmuş hyzmatlary boýunça Bilelkidäki maksatnamasyny uzaltmak barada ylalaşdylar.

Aýjahan Ataballyýewa