Ï Özbegistanyň ykdysadyýet pudagynda Türkmenistan bilen gatnaşygy işjeňleşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň ykdysadyýet pudagynda Türkmenistan bilen gatnaşygy işjeňleşýär

view-icon 3569

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň baş ylmy işgäri Türkmenistan bilen ykdysady pudakda gatnaşygyň işjeňleşýändigini habar berýär.

Özbegistanyň milli maglumat agentliginiň (uza.uz) internet-portalynda neşir edilen “Senagat kooperasiýasy Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň täze formasy hökmünde” atly analitik makalasynda Jalilow Bobir Türkmenistan bilen ykdysady pudakda gatnaşygyň işjeňleşýändigini ýazýar.

Özbegistanda 65 BK (bilelikdäki kärhana) we 100% türkmen maýaly 92 kärhana iş alyp barýar. Esasy iş pudagy: söwda, hyzmat we dokma pudagy, örtgi materiallary we mebel önümçiligi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda döredijileri “Uzawtosanot” PJ we “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bolan “Türkmen-UzAWTO” HJ distribýutor kärhanasy işleýär, – diýip, Jalilow sözüniň üstüni ýetirdi.

Globallaşma şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetiniň hereketdäki subýektleriniň döwletlerarasy işleşmesi ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşine geçmek bilen, daşary söwda geleşikleriniň çäginden çykýar.

Taryh boýunça ýola goýlan hojalyk gatnaşyklary, geografik golaýlyk, biri-briniň üstüni ýetirýän gorlaryň barlygy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky umumy ylmy-tehniki mekdepleriň we standartlaryň saklanmagy, önümçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegini, goňşy ýurtlar bilen kooperasiýanyň güýçlenmegini we bar bolan gorlary bilelikde ulanmagyň täze formalarynyň gözlegini talap edýär.

Serhetleriň ýapylmagyna, ýurtlar arasyndaky uçar aragatnaşygynyň togtadylmagyna we beýleki çäklendiriji çärelere alyp baran koronawirus infeksiýasynyň ýaýramagynyň, hatda iň güýçli döwletleriň-de gowşaklygyny görkezendigi bu gün eýýäm göz-görteledir.

Muňa garamazdan, Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri infeksiýanyň ýaýramazlygy boýunça tagallalaryny birleşdirmek, saglygy goraýyş pudagynda maglumat alyş-çalşygyna işjeň gatnaşmak, ulag, azyk howpsuzlygy, serhedi geçmek we önümçiligiň hem üpjünçiligiň sebitiçi zynjyryny döretmek pudagynda öz işlerini sazlaşdyrmak bilen hyzmatdaşlygyň we birek-biregi goldamagyň ýokary derejesini görkezdiler.

Bu ýerlikde senagat kooperasiýasy Merkezi Aziýada hiç wagt görülmedik derejede wajyplyga we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan görnüşine öwrüldi.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we kooperasion gatnaşyklary güýçlendirmek-de ykdysadyýetleriň tizden-tiz dikelmegine we ösmegine ýardam eder.

Merkezi Aziýa ýurtlary arasyndaky dürli derejede geçirilýän gepleşikleriň ykdysady gün tertibi sebit ýurtlarynyň bilelikde öndürilen önümleri ýerlemek maksady bilen, üçünji dünýä ýurtlarynyň bazarlaryna çykmagyň mehanizmini döretmek boýunça eýýäm hyzmatdaşlyk edýändiklerini görkezýär.

Mundan daşgary, kooperasiýanyň ösüşine itergi berýän mehanizmleriň we gurallaryň gözlegi alnyp barylýar, MA-da öndürilýän harytdyr hyzmatlary bilelikde satyn almagy we öz bazarlaryna satmagy höweslendirmek boýunça çäreler görülýär. Milli ykdysadyýetleriň öňe gidýän ösüşini we olaryň netijeliligini artdyrmagy üpjün edýän esasy şertleriň biri hökmünde köp sanly ykdysady agentleriň tagallalarynyň kooperasiýasy çykyş edýär.

Senagat kooperasiýasynyň şereketleriň tagallalaryny birleşdirmegiň iň täsirli formalarynyň biridigi, onuň diňe bir girdeji almaga däl, eýsem bäsdeşlik göreşinde degerli jogap bermäge-de mümkinçilik döredýändigi şübhesizdir.

Senagat kooperasiýasynyň aýratynlygynyň onuň diňe bir ýekebara girdejiniň çeşmesi bolman, eýsem köpçüligiň bähbit çeşmesidigini bellemek wajypdyr.

Umuman, Merkezi Aziýada senagat hyzmatdaşlygynyň we önümçilik kooperasiýasynyň derejesini ýokarlandyrmak bu sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbidinedir.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow