Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2021-nji ýyl «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Baş Assambleýanyň öňünde eden çykyşynda, ikinji möhlet üçin kasam kabul etmek bilen baglanyşyklylykda, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzadyň öňünde duran wezipeleri çözmekde ynamyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Guterrişiň aýdyşy ýaly, “Şeýle güýçli özgeren dünýäde BMG-niň Tertipnamasynyň wadalary, ýörelgeleri we gymmatlyklary saklanyp galýar. Emma biz hem, beren sözümizde tapylmak üçin, bilelikde düýpden täzeçe işlemelidiris”.
Dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran “ägirt uly wezipeleri” çözmek diňe “jemgyýetlere we ýurtlar arasyndaky gatnaşyklara weýran ediji täsir bagyşlaýan häzirki ynam gytlygyny ýeňip geçmek başardan ýagdaýynda mümkin bolar”. Hususan-da, biz häzirki geostrategik agzalalygy we güýçleriň bozulan gatnaşyklaryny ýeňip geçmek üçin, mümkin bolan ähli zady etmelidiris”, – diýip, Antoniu Guterriş nygtady.
Sofoklyň: “Ynam ölýär, emma ynamsyzlyk gülleýär” diýen sözlerini ýatlatmak bilen, BMG-niň Baş sekretary: “Bizde, ynamy dikeldip, ynamsyzlyk bilen göreşip, bu pikiri üýtgetjek güýç bar. Biziň bu gün ynamsyzlyk nukdaýnazaryndan başdan geçirýän zadymyz ýalňyşlykdyr diýip, umyt edýärin, emma bu kada öwrülip bilmez” diýdi. Üstünde BMG-niň Tertipnamasy gurlan binýat – Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň köptaraplylygyna we niýetlerine doly ynam – kadadyr we kadalygyna-da galar.
Öz ornuna we wezipesine ýüzlenmek bilen, Antoniu Guterriş: “Men ýurtlaryň, uly bolsun ýa kiçi, arasynda ynanyşmagyň artmagyny üpjün etmek, köprüler gurmak we ynamy güýçlendirmek işine ýadawsyz gatnaşmak üçin, elimden gelenini ederin. Şeýle hem, men özümiziň ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biljegimize, mümkin däl zadyň mümkin bolup biljegine umyt döretmäge ymtylaryn”.
Bitarap Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek işinde BMG-niň strategik hyzmatdaşy hökmünde bu pudakda Baş sekretrayň hereketlerini goldaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antoniu Guterrişe ikinji möhlete saýlanmagy bilen baglanyşyklylykda iberen hatynda Türkmenistanyň global meseleleriň çözgüdinde, dünýä düzgünlerini üpjün etmekde we döwletler arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde täsirli hem esasy halkara edara bolan BMG bilen ýola goýlan gatnaşyklaryna ägirt uly ähmiýet berýändigi nygtalýar. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu wezipä täzeden saýlanmak bilen, mundan beýläk-de bu edaranyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, häzirki zamanyň esasy meselelerini çözmekde onuň ornunyň güýçlenmegine, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Ogulgözel Rejebowa