Ï Aleksandr Aleksandrowiç Maruşşenko – ilkinjileriň biriniň geçen ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aleksandr Aleksandrowiç Maruşşenko – ilkinjileriň biriniň geçen ýoly

view-icon 4808

Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Moskwa döwlet uniwersitetinde arheolog diplomyny alan 25 ýaşly Aleksandr Maruşşenko Türkmen medeniýeti institutynyň ýaňy döredilen arheologiýa bölümine ýolbaşçylyk etmek üçin Russiýadan Aşgabada gelýär. Şondan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň gadymyýetine juda belet bolan, armany-ýadamany bilmeýän bu azaphon kişi Aşgabatda ýaşapdy we işläpdi. Ol türkmen arheologiýasynyň düýbüni tutanlaryň, möhüm taryhy ýadygärlikleriň ençemesini ilkinji açanlaryň biri bolupdy.

Arheolog institutda işläp başlandan Günorta Türkmenistanyň çäklerinde oturymly ýaşaýşyň ähli döwri üçin hronologiýa şkalasy tapgyrynyň döredilmegini iň möhüm ylmy wezipeleriň biri hasaplapdy. ХХ asyryň başynda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda Änewde iş alyp baran amerikan ekspedisiýasy bu wezipäni çözmegiň esasyny goýupdy.

Amerikaly arheologlaryň barlaglaryny jikme-jik öwrenen Maruşşenko Bekrewäniň etegindäki Akdepede gazuw-agtaryş işlerine girişýär. Ol Günorta Türkmenistanda gadymy ekarançylyk ilatly ýerleriň ençemesini açypdy. 1939-njy ýylda, 10 ýyla çeken yhlasly işiniň netijesinde ol Änew medeniýetiniň ösüşiniň 12 tapgyrdan ybarat anyk arheologik häsiýetleri we has takyk seneleri bolan öz hronologik tertibini teklip etdi.

30-njy ýyllarda Maruşşenkonyň bir özi Tejen-Murgap, Amyderýa, Garagum ýaly ekspedisiýalary gurap, oňa azabyny we akyl zähmetini siňdiripdi. Ylmy barlaglary geçirmek üçin arheologa ujypsyzja iş sapary haky tölenýärdi, galany onuň yhlasyna-höwesine baglydy. Mysal üçin, ol Amyderýa ekspedisiýasy wagty Kelife çenli otlyda baryp, birnäçe gün onuň töweregini öwrenipdi. Soň demir ýol bilen Mukry we Kerkiçi stansiýalaryna barýar. Şol döwür demir ýol bolmadyk Çärjewe çenli 200 kilometr ýoly pyýada geçmeli bolupdy. Uruşdan öňki ekspedisiýalardan «gowy» üpjün edileni diňe 1937-nji ýyldaky Garagum ekspedisiýasydy. Şonda Maruşşenkonyň ygtyýarynda ýolbelet we iki düýe bardy. Olar 26 günde gum içinden 600 kilometr ýol geçýärler.

Maruşşenko Türkmenistanyň Nusaý we Merw ýaly örän möhüm arheologik ýadygärliklerini öwrenipdi. Onuň Gadymy Nusaýda alyp gazuw-agtayrş işleri netijesinde Parfiýanyň ýerli sebitleriniň medeniýeti ilkinji gezek häzirkizaman alymlaryna hakyky maddy desgalary açyp görkezdi. 1935-nji ýylda Leningradda geçirilen Eýran sungaty we arheologiýasy boýunça üçünji halkara kongressde arheolog ilkinji bolup Nusaýyň Parfiýa şalarynyň döwri bilen baglanşyklydygy barada pikir aýtdy. Maruşşenkonyň bu ýadygärlik baradaky pikirleriniň geljekki işlere täsiri uly boldy.

Emma onuň Merw baradaky işleri henizem köpçülige ýetirlmän gelýär, ýogsa Orta Gündogaryň bu iri şäheriniň taryhynyň esasy döwürlerini Maruşşenko ýüze çykarypdy.

1937-nji ýylda neşir edilen iki işden mysal. «Yslam ensiklopediýasynda» berlen akademik Aleksandr Ýurýewiç Ýakubowskiniň Merw hakda jemleýji habarynda şäheriň irki taryhynyň ozalkysy ýaly nämälimdigi bellenilýär. Takmynan şol döwürlerde Aleksandr Aleksandrowiç öz geçiren gazuw-agtaryş işleri barada «hasabat-konspekt» düzýär. Onda dokumental arheologik maglumatlara esaslanyp, Merwiň ahemeniler eýýamynda döredilendigi, onuň taryhynda ellin we arşakylar döwrüniň gatlaklarynyň gabat gelýändigi aýdylýar. Hut Maruşşenkonyň işi ilkinji gezek degişli arheologik tapgyrlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Gazuw-agtaryş işleri wagty gadymy parsynyň dowamy bolan we täze pars dilinden ozalky orta pars (pehlewi), arap we sogdi dillerinde juda seýrek duşýan ýazuw resminnamalary tapyldy.

Türkmenistanyň gadymy taryhyny öwrenen arheologlaryň arasynda Aleksandr Aleksandrowiç ýerli ýadygärliklere beletlerden güýçlisi hasaplanýardy. Onuň Türkmensitanyň çäginde barmadyk ýeri ýokdy. Jeýtun ýadygärlikleriniň aglabasyny hem ilkinji bolup açypdy. Bu medeni ýadygärlige Jeýtun ilatly ýeri adyny berenem Maruşşenkody.

Türkmensitanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda işlän bu alym ummasyz bilimini ýaş arheologlara-da öwredýärdi, olaryň arasynda, meselem, geljekki akademik Ýegen Atagarryýewem bardy. Ol Aleksandr Aleksandrowiçiň türkmen däp-dessurlaryna beletldigini, ekspedisiýalarda türkmen haly göllerini «okap bilýändigini» kärdeşlerine görkezendigini ýatlaýardy.

Ençem ýyllap akademik Mihail Ýewgenýewiç Masson onuň bäsdeşi bolupdy. Onuň bilen çaknyşygy netijesinde Maruşşenko ömrüniň ahyrynda professionallykdan höwesjeňler hataryna geçipdi.

60 ýaşy dolandan pensiýa çykmak barada arza berip, özbaşdak ylmy işlere girişdi. Ömrüniň ahryna çenli onuň ylmy işe höwesi galmady. Ol arheologik täzelikleriň ählisinden habarlydy, ylmy maslahatlarda gyzykly çykyşlar edýärdi. Maruşşenko özüniň soňky meýdan saparyndan ýogalmazyndan iki hepde öň, 1976-njy ýylyň awgustynyň soňunda dolanyp gelipdi.

Ençeme ýyldan soň onuň şägirtleriniň we kärdeşleriniň tagallasy bilen alymyň işleri kem-kemden neşir edilip ugrady, Maruşşenkonyň doglan gününiň 100 ýyllygyna gabatlanyp saldamly ylmy işler ýygyndysy çap edildi.

Roman Teplýakow