Ï Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi

view-icon 2397

2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetini döretmek baradaky şertnama Aşgabatda gol çekildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasy bu gurluşyň dünýä boýunça 142-nji wekiliýeti boldy.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso ýörite söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Häzirki wagtda taraplar 2021 – 2027-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirmek işini alyp barýarlar.

– Biz hyzmatdaşlar we dürli gyzyklanýan taraplar bilen maslahat alyp barýarys we Ýewropa Bileleşiginiň hemme ýerinde goraýan şol bir gymmatlyklarymyzy – durnukly durmuşy gazanmak maksady bilen hyzmatdaşlygy; “ýaşyl” ykdysadyýetiň we hususy ulgamynyň ösüşini, şeýle hem sebit tapawutlaryny azaltmagy – ösdürmäge gönükdirilendir – diýip, ilçi belledi.

Onuň sözlerine görä, ÝB adamy öz işiniň merkezinde goýýar, şonuň üçin-de adamyň ösüşi ileri tutulýan esasy meseledir. Adam hukuklaryny goramak, dürlüligi saklamak, raýat jemgyýetini goldamak we betbagtçylyklara hem dawalara garşy ynsanperwerlikli çäre görmek ÝB-niň halkara hem hyzmatdaşlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.

Meselem, Ýewropa Bileleşigi we onuň Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlary bilim ulgamyny goldamak, Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, SARD III oba hojalyk taslamasy, şeýle hem birnäçe sebitleýin taslama – Merkezi Aziýada serhedi dolandyrmaga kömek maksatnamasy (BOMCA), Merkezi Aziýada neşä garşy göreş maksatnamasy (CADAP) ýaly ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirdiler. Zorlukly ekstremizme garşy durmagyň täsirli taslamasy-da (STRIVE ASIA) bar.

ÝB milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işewürler üçin ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda işleýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ÝB Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky arkaly kiçi hem orta telekeçiligiň ösüşini goldaýar. Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalary bolan “ERASMUS +” edarasy-da işleýär.

– ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasy sebitleýin integrasiýa esasy maksat hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, biz Türkmenistan üçinem bähbitli bolan dürli sebitleýin taslamalary taýýarladyk. Bu ýurt eýýäm olaryň käbirine gatnaşýar. Häzir biz “Ready4 Trade”, “Kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek” ýaly täze sebitleýin başlangyçlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarys, – diýip, ilçi sözüni tamamlady.

Aýjahan Ataballyýewa