Ï Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

view-icon 2528

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Gyrgyzystanyň Prezidenti S.Žaparow bilen gepleşikler geçirer, ol 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler.

Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň saparyna taýýarlyk barada wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow hökümetiň wideoaragatnaşygy arkaly mejlisinde habar berdi.

Ol 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan döwründen bäri Aşgabat we Bişkek syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda oňyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler - diýip belledi. Ministriň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli resminamalaryň 60-sy netijei döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýady bolup durýar.

R.Meredow şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edip, birek-biregi goldaýandyklaryny nygtady. Wise-premýer geljekki saparyň barşynda dürli ugurlarda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny mundan beýlägem ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň energetika ministri, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Çarymyrat Pürçekow Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saparyna taýýarlyk we onuň çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreler barada habar berdi.

Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ugurlarynyň biridigini, gyrgyz halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostlugyň we medeni hem-de ruhy däpleriň taryhy taýdan kemala gelen umumylygynyň birleşdirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin saldamly mümkinçilikleriň bardygyny belledi, özara haryt dolanşygynyň oňyn ösüşi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň wajyplygyny nygtap, döwlet Baştutany Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna ýokary derejeli taýýaryk görmegi tabşyrdy.