Ï Täze taryhy eýýamyň Lideri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze taryhy eýýamyň Lideri

view-icon 4791

Türkmenistanyň täze taryhyna bu ýyl ýurdumyzyň saýlan döredijilik ýoly bilen ynamly ädýän gadamlarynyň nyşany hökmünde möhüm döwür bolup ýazylar. Täze eýýamda ýetilen sepgitler hem-de uly üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we alyp barýan işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň amala aşyrýan täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty Diýarymyzyň abraýyny halkara giňişlikde has-da belende galdyryp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini şertlendirýär.

Diýarymyzyň hemme durmuş ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň we giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň zehininiň, maksada okgunlylyk, strategik we ylmy taýdan pikirlenmek, öňdengörüjilik ýaly belent şahsy häsiýetleriniň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz öz ösüşinde uly öňegidişlik gazandy. Muňa milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň berk hukuk binýadyny döretmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, jemgyýetimizde hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan anyk işler ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrýan konstitusion özgertmeleriniň täze tapgyrynyň netijesinde, iki palataly parlament — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredilip, onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girizildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy toýlanylýan şu ýylyň mart aýynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawy bolup geçdi. Bu bolsa ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň yzygiderli dowam edýändigini subut edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen wekilçilikli we kanun çykaryjy edaranyň iki palataly düzüminiň döredilmegi milli parlamentiň taryhynda täze eýýamy açdy hem-de Watanymyzyň taryhyna şanly waka bolup girdi. Arkadag Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy türkmenistanlylaryň öz halkynyň bagty we abadançylygy barada edýän aladasyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden milli Lideriniň daşynda jebisleşmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip düzülen we amala aşyrylýan toplumlaýyn, ylmy esasly özgertmeler strategiýasy halkymyzy durmuş taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda durnukly ösüşiň ykdysady we durmuş şertleriniň ýakyn özara baglanyşygyny gazanmak möhüm ugur bolup durýar.

Milli Liderimiz Watanymyzy dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önüm öndürýän kuwwatly senagat ulgamy bolan döwlete öwürmegi maksat edinip, sanly ulgama geçmegi, ugurdaş ylymlaryň öňdebaryjy gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmagy ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda kesgitledi. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hereket edýän pudaklary täzelemäge hem-de özüni ödeýän, hususan-da, elektron senagaty pudagyny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda giň gerimli özgertmelere badalga berip, bu wajyp ulgamda düýpli özgertmeleri, şol sanda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi gazandy. Bu ýerde milli Liderimiziň halal zähmet çekýän we bol hasyl alýan kärendeçilere ýerleri uzak möhletleýin kärendä bermek baradaky çözgüdi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler pudagy tehniki taýdan täzelemäge, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, olar oba zähmetkeşleriniň durmuş şertleriniň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, obalarda degişli döwrebap düzümleriň döredilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly görnüşi kemala getirildi, telekeçilik işini netijeli alyp barmak üçin zerur şertler döredildi, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýan kiçi we orta telekeçilige maksatlaýyn goldaw üpjün edildi.

Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly çökgünlik ýagdaýynyň emele gelendigine garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň batly depginler bilen ösmegi ýurdumyzyň üstünliginiň aýdyň nyşanydyr. Muny jemi içerki önümiň durnukly ösüşi subut edýär. Bularyň hemmesi kabul edilen durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, bu ulgama maýa goýumy yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky batly depginler bilen täzelenýär. Ýaşaýyş jaý gurluşygy öň görülmedik giň gerime eýe boldy. Ak mermerli paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän bu ýylda sebitiň hem-de tutuş dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we owadan şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti dürli maksatly täze desgalar bilen ýetirildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy, Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi, Halkara ahalteke atçylyk hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi, Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan toplum bar.

Diýarymyzyň welaýatlaryny batly depginler bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Kabul edilen maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady düzümler täzelenilýär, ýaşaýyş jaýlary, önümçilik we beýleki desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Ine, ýakynda Lebap welaýatynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň we Türkmenabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralary geçirildi. Farap şäherinde Çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çagalaryna ajaýyp sowgat boldy.

Ýakyn geljekde ýurdumyzda ýene-de täze binagärlik açylyşlary bolup geçer. “Şäher içinde şäher” ýörelgesi boýunça taslanan “Aşgabat-siti” muňa aýdyň mysaldyr. Mälim bolşy ýaly, bu uly taslama milli Liderimiz tarapyndan Aşgabadyň şanly 140 ýyllygy toýlanylýan günde — 25-nji maýda badalga berildi. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde köpugurly toplum bina ediler. Şol ýerde smart tehnologiýalar hem-de dünýä şähergurluşyk, binagärlik we inžener-tehniki pikiriniň iň kämil hem-de öňdebaryjy nusgalary öz beýanyny tapar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, şeýle hem onuň “akylly» şäher ýörelgesi esasynda bina edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şu we beýleki giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýjy we ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryna täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny baş wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi Watanymyzyň ösüşiň belentliklerine çykmagyny şertlendirýär. Bu ugurda wajyp wezipeleri çözmekde milletiň aň-paýhas kuwwatynyň artdyrylmagyna, onuň netijeli herekete girizilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim ulgamlaryna aýratyn orun degişlidir. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny onuň ähli düzümleri bilen bilelikde düýpli döwrebaplaşdyrmagy öňe sürdi.

Şonuň netijesinde, türkmen ylmy öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Ýokary we orta bilim ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, mekdebe çenli bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, öz zehinlerini we ukyplaryny doly açyp görkezmegi üçin ähli zerur şertleri bolan amatly gurşaw döredilýär, köptaraply ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar.

Ynsan saglygyny goramak milli Liderimiziň yglan eden ýörelgeleriniň esasylarynyň biridir. Bu gün Türkmenistanda adamlar häzirki zaman talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk derejedäki lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň gerimi giňelýär, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Hassahanalar we saglyk öýleri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýörite enjamlary bilen üpjün edilýär. Keselleriň öňüni almak, anyklamak we olary bejermek boýunça täzeçil usullar, ugurdaş ylym we tehnologiýa babatda dünýäniň öňdebaryjy gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar.

Eneligi we çagalygy goramak, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny berkitmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu aýda milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýasy tassyklanyldy. Ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy we degişli Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, hakykatdan-da, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Aýratyn durmuş goldawyna mätäç çagalara yzygiderli üns berilýär. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň ösüp barýan ýaş nesiller hakynda edýän atalyk aladasynyň aýdyň netijesidir. Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döretdi. Ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Mejlisiň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty hem-de geljegi, jemgyýetiň sagdynlygy we abadançylygy ýaş nesilleriň beden, ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň höweslendirilmegi, oňa ähli halkyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly we ony giňden wagyz ediji döwlet Baştutanymyz bu ugurda watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ekologiýa çäresiniň — köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öň başynda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanan halkymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy esasy endigine öwürdi. Oňa ýaşlar bilen bir hatarda, ýaşuly nesliň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýokary derejeli sportuň ösdürilmegine, onuň üçin amatly şertleri we mümkinçilikleri döretmäge hemişe üns berýär. Türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlarda yzygiderli çykyş edip, uly üstünlikler gazanýarlar hem-de baýrakly orunlary eýeläp, medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar. Bu döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy sport ülkesine öwürmek boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň gönüden-göni netijesidir.

Medeniýet ulgamynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň baý medeni-taryhy we ruhy mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz her ýylda ýurdumyzyň bir sebitinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegini öňe sürdi. Şu ýyl bu çäre Lebap welaýatynda boldy. Hepdeligiň maksatnamasyna dürli çäreler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligini görkezýän çykyşlar, halk senetçiliginiň möhüm ugurlary girizildi. Häzir bu ugurlaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda özüniň döredijilikli hem-de parahatçylyk söýüjilik kuwwatyny tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmek bilen, oňyn Bitaraplyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli alyp barýar. Ýurdumyzyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça edýän tagallalary ählumumy ykrarnama we dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamasy, şol sanda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi munuň aýdyň beýanydyr. Häzir dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň we beýleki meseleleriň çäklerinde ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda eýeleýän işjeň orny şu ýylyň dowamynda bolup geçen wakalarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly ulag, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlary boýunça birnäçe iri desgalaryň açylyş dabaralary bar. Bu taslamalar türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy.

Mundan başga-da, onlaýn tertibinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki goňşy döwletleriň Baştutanlary Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.

Şeýle hem milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХIV sammitine gatnaşdy. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl sammitinde, BMG-niň durnukly ösüş meseleleri boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etdi.

Şeýle hem şu ýylda Türkmenistana Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň sapar bilen gelendiklerini bellemek gerek.

Daşary ýurtly işewür toparlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary barha artýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, halkara maglumat giňişliginde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň media ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri hem – “Mir” döwletara teleradiokompaniýasydyr. Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk hem-de millionlarça tomaşaçylary bolan “Mir” ÝGPJ-niň işine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meşhur teleradiokompaniýanyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy. Munuň özi Türkmenistanyň ygtybarly we jogapkärli işewür hyzmatdaş hökmündäki abraýynyň belende galmagynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň iş ýüzünde oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Watana bolan söýgi, onuň ajaýyp geljegine ynam öz ýurduny we halkyny oňyn özgertmeleriň, abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň başlangyçlarynyň üstüni ýetirýär. Şunuň ýaly maksada okgunly hereket täze ösüşe we kuwwata eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlarynda hem-de uly üstünliklerinde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi