Ï Türkmenistan Gyrgyzystana hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Gyrgyzystana hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

view-icon 2047

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikleriň barşynda energetika we ulag pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny belläp, türkmen Lideri energetikanyň onuň wajyp ugrudygyny belledi.

Şunda Gyrgyzystana  tebigy gazy we elektrik energiýasyny ibermek barada gürrüň edilýändigшni belläp,  Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow olary ugratmagyň tehniki, guramaçylyk we beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Gerek bolsa, üstaşyr geçiýän ýurt bilen ylalalşyp, üçtaraplaýyn bilermenlik duşuşygy guralsa maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem ulag pudagy  ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň tagallalarynyň Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ulag ulgamlaryny birleşdirjek kuwwatly we döwrebap düzümi guramak ýaly baş maksada gönükdirlmelidigini nygtady.

Ol Aşgabadyň Türkmenistan bilen Gyrgyzystany birleşdirip, Hazar deňzine çykarýan ulag geçelgesini döretmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygyny belledi.

Türkmen Lideri Dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk sebitiň döwletlerine öz önümlerini Ýewropanyň, Russiýanyň, Kawkazyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna eksport etmek üçin gündogar Hazaryň port düzümleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmalygynyny, Türkmenistanyň Gyzgyzystanyň bähbitlerine Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde ulanmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.