Ï Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 2596
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu çärä wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň görnükli žurnalistleri, syýasatşynaslary, iri sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Umuman, bu maslahata dünýäniň 30-a golaý döwletinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 100-e golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpur, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Russiýanyň “Russiýa today” maglumat teleýaýlymlar ulgamynyň, Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatmedia” metbugat we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça respublikan agentliginiň, Belarus Respublikasynyň Milli döwlet teleradiokompaniýasynyň, Gruziýanyň “News Day Georgia” žurnalynyň, Koreýa Respublikasynyň teleradioýaýlymlary ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Foruma gatnaşyjylar maglumat giňişliginde ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk, ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça täzelikleri, syn beriji maglumatlary yzygiderli alyşýandygyny nygtadylar.

Iri maglumat agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek, Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşi, ýeten derejesi barada makalalary meşhur metbugat hem-de elektron neşirlerinde, internet serişdelerinde ýerleşdirmek arkaly ýurdumyzyň halkara maglumat giňişligine işjeň goşulyşmagy boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 30 ýyllygy hem-de syýasy, ykdysady we medeni ösüşini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen gutladylar.

Türkmen tarapynyň wajyp başlangyçlarynyň, şol sanda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibiniň biragyzdan goldanylmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň nyşanydygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde belleýşi ýaly, bu başlangyç häzirki halkara ýagdaýa berlen anyk synyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygy BMG tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwlet hökmünde Türkmenistan deňhukuklylyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklary ösdürýär hem-de beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, harby-syýasy gepleşiklere hem-de bileleşiklere gatnaşmazlyk boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik, tutuş adamzadyň bähbitlerine hemmetaraplaýyn laýyk gelýän netijeli syýasatynyň özenini düzýär. Bu bolsa halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolýar.

Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrýar we syýasy-diplomatik serişdeleri parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hasaplaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz halkara ähmiýetli taslamalaryň başyny başlaýar we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalar bolsa sebit ýagdaýynyň durnuklaşmagyna, dürli döwletleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine, halklaryň arasyndaky ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň, şeýle hem belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda başga-da köp sanly çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüljekdigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde öz işini kämilleşdirmek, halkara ähmiýetli möhüm çäreleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten derejesini, milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän wajyp daşary syýasy başlangyçlaryny, dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän iri taslamalary wagyz etmek boýunça anyk wezipeler durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň bilim derejesini häzirki zaman sanly ulgam arkaly ýokarlandyrmak, milli žurnalistikany ösdürmek üçin dünýä ýurtlarynyň ösen tejribesini öwrenmek we işjeň ornaşdyrmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara gatnaşyklar meselelerine möhüm orun degişlidir. Çünki ýokary hilli maglumat üpjünçiligi, anyk maglumatlary alyşmak durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde we dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmakda möhümdir.

Öňdebaryjy halkara derejeli bilermenler, milli we daşary ýurt media düzümleriniň wekilleri sebitara derejede gepleşikleriň ýokary guramaçylygy üçin hoşallyk bildirip, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge uly gyzyklanma bildirdiler hem-de şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler.

Umumy pikire görä, şeýle tertipde geçirilen mediaforum meseleleriň giň ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin ygtybarly binýada öwrüler we ol ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurtlaryňdyr sebitleriň arasyndaky maglumat ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.

Surata düşüren Ýuriý Şkurin