Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

M.B.Çakyýew hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:

Polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 

Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

Ö.G.Hojanyýazow hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:

Polisiýanyň podpolkownigi Öwezdurdy Geldiýewiç Hojanyýazowy Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 

Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Polisiýanyň podpolkownigi Ö.G.Hojanyýazowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi Öwezdurdy Geldiýewiç Hojanyýazowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 

Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly.