Ï Türkmeniň uçar ganaty – bedew
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmeniň uçar ganaty – bedew

view-icon 16086

At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa,  bedew  barjamlylykdan,  gurplulykdan nyşan bolsa-da, oňa haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry.  Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejesine göteripdir. Adamda üşük bar. Ol atda-da barmyka?

Tanyş atşynaslarym: elbetde, bar! – diýip jogap berýärler. Bir gürläp bilenok diýäýmeseň, onuň duýgurlygy-syzgyrlygy ynsanyňkydan pes däl. Belki, ol zeruram däldir. Köplenç hereket sözdenem güýçli täsir edýär. Haýsy atşynasdan asyl bedewde duýgurlyk barmy diýip sorasaň, ol ahal-teke bedewleriniň asyllylygyndan, wepadarlygyndan we dogruçyllygyndan ençeme mysal getirer.

«Türkmenatlary» birleşiginiň işgärleri, aýratynam ýaşulylary, ajaýyp adam, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Dmitriý Terentýewiç Klimenkony ýagşylykda ýatlaýarlar. Ol ömrüniň köp ýyllaryny seýisçiluge bagyş edip, işlän döwürlerinde belli bedewleriň ençemesini ýetişdirdi we ussat çapyksuwarlary taýýarlady. Ony hemmeler – adamlaram, atlaram gowy görerdiler. Çapyksuwarlar – ata söýgi döredenligi üçin, atlar – bütin ömrüne bedewlere berlenligi üçin halardylar.

Bir günem  tanymal seýisiň kazasy dolup, bakyýete rowan bolmaly müddeti geldi. Gölegçileriň arasynda  Dmitriý Terentýewiçiň ýetişdiren bedewi Gambar hem bardy. Ol eýesi bilen hemişelik hoşlaşýandygyny duýýan ýaly, başyny aşak salyp barýardy.

Seýis jaýlanyp, adamlar yza dolananlarynda Gambar onuň mazarynyň başujundan aýyrylmady. Ilki mazara gamly nazaryny dikip durdy, soňam, emaý bilen dyzyny epip,   eýesiniň guburyna başyny goýdy. Onuň gözlerinden çogup, ýaş düwmeleri dökülýärdi. Hiç kim aty gyssamady. Bar kişi onuň dosty bilen hoşlaşýandygyna düşünip durdy. Muny görüp duranlar gözýaşyny zordan saklaýardylar. Onsoň bedewde üşük bardygyna neneň ynanmajak!

Ýigrimi ýyldan gowrak atşynas bolup işlän tanyş seýisim, 1988-nji ýylda,  baryp 1935-nji ýylda edermen türkmen ýigitleriniň geçen ýoly bolan Aşgabat-Moskwa  aralygyndaky atly ýörişe gatnaşdy.

Ol şeýle gürrüň berdi:

—Ýol agyrdy, tomsuň orruk-ortasydy, çöl jöwzasy içiňden geçip barýardy. Tüp yssy howada ýol aşýan adamlaram, atlar-da ýadasalaram, bellenilen maksada ýetjek bolup gidip barýardylar. Ahyrsoňy Garagum, Üstýurt, Gazagystan yzda galyp, biz Rusiýanyň çägine gadam basdyk. Bu ýerde uzak garaşdyran salkynlyga ýetdik. Barymyz toparlanşyp gitmän, kiçeňräk toparlara bölünşip ýa-da ýeke giderdik-de, bellenilen ýerde duşuşardyk. Men Keremli atly bedewde ýol aşýardym. Bir gün has öňe gidip, ýorunja meýdanynyň eteginde aýak çekdik. At esbaplaryny aýranymam şoldy welin, yzdan ýoldaşlarymyzyň birnäçesi göründi. Olar gapdalymzydan geçip barýarkalar: «Howlugaweri, ýogsa gijä galarsyň!» - diýdiler. Ýorunjaly meýdana tarap ugran Keremli: «Nädeli, gidýäsmi ýa dynç alýas? Gitjek bolsaň – men taýyn» — diýýän ýaly maňa bakdy. Sagadyma seretdim, entek wagt bardy. Men: «Ylga, otlaber, ýetişeris» -diýip, onuň sagrysyna kakdym. Başga bir at bolsa, ýorunja atyzyna atylyp giderdi, ýöne buýsançly Keremli äwmän-alňasaman ýorunjalyga sary ýöneldi, ol, hamala: «Men çaga kimin oýnar ýaly kiçijik däl» — diýýän ýalydy. Özem garnyny otarjak bolmaýan ýaly  howlukman otlarýardy. Ahal-teke bedewleri hiç haçan iýme açgözlik bilen topulmaz, garnyny doldurjak bolup durmaz-da, diňe açlygyny gandyryp oňar. Bu-da onuň asylly gylygyndan nyşan.  Başga-da ençeme gülkünç, gussaly, sapak alarly wakalary aýdyp biljek, olaryň ählisem bedewiň duýgurlygyny subut eder».

   Ahal-teke bedewleriniň köp asyrlyk taryhynda başyna her hili günler düşüpdi. Onuň şanly günlerem, ýatdan çykarylan döwrem bolupdy. Onlarça ýyl mundan ozal ahal-teke bedewleriniň gününe it aglandygyna häzir ynanasyňam gelenok. Tohum atlar  ete tabşyrlan wagtam bolupdy, ýogsa at türkmeniň uçar ganaty ahyry. Indi bedewlerimiziň ozalky şöhrady täzeden dikeldilýär. Garaşsyzlyk ýyllary bedewler gyrkylan ganatyna täzeden eýe boldular. Olar barada aýdymlar düzülýär, filmler düşürilýär, kitaplar ýazylýar, suratlar çekilýär, olara ýadygärlikler goýulýar. Ahal-teke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň merkezinde ýerleşdirilen. Ahal-teke bedewleri, edil tanymal türkmen halylary ýaly, millletiň buýsanjy-nyşanydyr.

 Ahal-teke bedewlerini dünýä bibaha sowgat beren türkmenler diňe bir taýsyz owadan tohum atlary ýetişdirmediler. Ençeme asyr mundan ozal aty eldekileşdiren halk asyl bedewi ygytybarly hemrasy-kömekçisi, wepaly dosty edip terbiýeledi. Adam terbiýesini alan at onuň iň gowy häsiýetlerini özüne siňdirip, olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Belki, adam hem «asman atlaryndan» käbir gylyk-häsiýetleri, mysal üçin, edermenligi, ýagşy gylyklary, mähri. alandyr.  Bir gezek dostum, belli çapyksuwar: «Ahal-teke bedewde türkmen ganyndan  bir katra gan bardyr, şonuň üçin türkmen atdan gaýry bolmaz» — diýdi.

                                                     Wladimir Zarembo