GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň (EEG) wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdan daşary geňeşine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de milli elektroenergetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisde GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň Prezidentini we Wise-prezidentini saýlamak meselesine garaldy.
Netjede EEG-niň Pezidentligine Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Nikolaý Grigorýewiç Şulginow, wise-prezidentligine Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Hywalyýewiç Pürçekow saýlanyldy.
Ýygnakda şeýle hem GDA döwletleriniň elektroenergetika babatda özara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň Strategiýasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň ýanyndaky Utgaşdyryjy geňeş barada Düzgünnama tassyklanyldy. Kabul edilen çözgütler netijesinde geňeşiň ýerine ýetirmeli işi hem wezipeleri, şeýle hem oňa berlen hukuklary giňeldildi.
Şeýle-de GDA döwletleriniň elektroenergetikasynyň 2020-2021-nji ýyllaryň güýz-gyş aýlaryndaki işleýşiniň jemleri we 2020-nji ýylda EEG-niň hasabaty beýan edildi.
GDA-nyň EEG Ýerine ýetiriji komitetine «ХХI asyryň dikeldilýän energetika syýasaty boýunça Bütindünýä ulgamy» («REN 21») halkara telekeçilik däl assosiasiýasyna agzalyga girmegi guramagy tabşyrdy.
Mejlisde şeýle hem Ýerine ýetiriji komitete 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli EEG-niň GDA döwletlerinde geçirilýän ählumumy howa üýtgemegi meselelerine bagyşlanan nobatdaky 59-njy mejlisiniň geçiriljek ýerini hem-de senesini ylalaşmagy tabşyrmak karar edildi.