Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow we Türkiýäniň Daşary işler ministri M. Çawusoglu Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň soňky telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça görkezmelerine laýyklykda, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň gidişinde Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyga degişli meselelere aýratyn üns berildi.
Ministrler edaralary arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler hem-de taraplaryň söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde bähbit görýändiklerini tassykladylar.
Taraplar, şeýle hem, şu ýyla meýilleşdirilýän Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň wajyplygyny bellediler.