Ï Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 7087

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow hökümet mejlisinde wideo aragatnaşygy arkaly gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ikitaraplaýyn resminamalaryň çäginde ýygnaklar we maslahatlar, hususan-da, Türkmenistan – Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki we Mejlisara komitetleriniň üsti bilen yzygiderli geçirilýär.

R. Meredow bu özara hyzmatdaşlygyň bütin dünýä hem sebit derejesinde parahatlygy we howpsuzlygy berkitmek pudagynda aýratyn möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça şu ýylyň 1-nji iýulynda Daşkentde geçirilen “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” diýen ýokary derejeli gepleşikleriň çäginde nobatdaky duşuşyga gatnaşdy. Mundan başga-da, goňşy Owganystanda durnuklylygy gazanmak ugrunda ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurlygy görünýär, çünki bu, sebit howpsuzlygyny mäkämleşdirmegiň möhüm meselelerinden biridir.

Ministriň pikiriçe, Ýwropa ýurtlary bilen kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar pudagynda gatnaşyklary ösdürmek hem maksada laýyk hasap edilýär. Ýewropa döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini hemmetaraplaýyn öwrenmek we özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝB-niň diplomatik wekiliýeti bilen bilelikde Ýewropanyň maglumat we sanly tehnologiýalar merkezini açmak mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda aýdylanda bolsa, Daşary işler ministri “Türkmenistan – ÝB” iş geňeşini döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Ol ulag we aragatnaşyk pudagyna hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde baha berdi. Şundan ugur almak bilen, ol Ýewrokomissaryň ulag işleri boýunça edarasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Hasabatyň jemini jemlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bitarap Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet baştutany hödürlenen teklipleri makullady we premýer-ministriň orunbasaryna Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk görkezmeler berdi.