Ï 2022-nji ýylda GDA-da Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça edilmeli işleriň meýilnamasynyň taslamasy tassyklandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2022-nji ýylda GDA-da Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça edilmeli işleriň meýilnamasynyň taslamasy tassyklandy

view-icon 3817

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň bilermenleri 2022-nji ýylda GDA-da Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň taslamasy babatynda ylalaşdylar.

Bilermenler toparynyň mejlisine Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, GDA-da Parlamentara Assambliýasyna degişli Geňeşiniň sekretariaty, Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasy we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletlerden gelen Ýerine ýetirilmeli işler meýilnamasynyň taslamasyna girizilen üýtgetmeleri göz öňünde tutmak bilen, bilermenler resminamany işläp gutardylar we ony GDA-nyň hökümet baştutanlary geňeşiniň garamagyna bellenilen tertibe laýyklykda tabşyrmak kararyna gelindi.

2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işlere degişli meýilnamasynyň taslamasy GDA döwlet baştutanlarynyň geçiren Geňeşiniň 2022-nji ýyly Arkalaşygyň Halk döredijiligi we medeni miras ýyly, 2023-nji ýyly bolsa milletara gatnaşyk dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek kararyny ýerine ýetirmek üçin, işlenip düzüldi.

Meýilnama alty bölümden ybarat bolup, Halk döredijiliginiň däp-dessurlaryny, Taryhy we medeni mirasy, sungat, edebiýat, şeýle hem sport we syýahatçylyk pudagynda medeni mirasy gorap saklamak üçin, umuman, ynsanperwer ugurly ýüzden gowrak çäräni öz içine alýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) 1991-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Kabul edilen jarnamada Arkalaşygyň agzalary özygtyýarly deňlik esasynda özara gatnaşyk etjekdiklerini yglan etdiler.

GDA-nyň Azerbaýjan Respublikasyny, Ermenistan Respublikasyny, Belarus Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny, Gyrgyzystan Respublikasyny, Moldowa Respublikasyny, Russiýa Federasiýasyny, Täjigistan Respublikasyny, Özbegistany we Ukrainany birleşdirýändigini ýatladalyň.

Türkmenistanyň bitarap statusyny göz öňünde tutmak bilen, 2005-nji ýylyň 26-njy awgustynda Kazanda geçen sammitde GDA döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Arkalaşyga assosirlenen agza hökmünde tüýs ýürekden dostluk we hyzmatdaşlyk ruhunda gatnaşmagyny dowam etdirjekdigi baradaky beýanatyny maglumat hökmünde kabul etdiler.

Şondan bäri Türkmenistan beýleki zatlar bilen bir hatarda bitaraplygyň, parahatlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň GDA-nyň çägindäki meseleleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň esasyny düzýändigini iş ýüzünde görkezmek bilen, özüniň halkara hukuk statusyna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezip gelýär. Bu Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda we ýurduň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda-da tassyklanýar. Meselem, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Soçi sammitinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Mýalikguliýewiç Berdimuhamedow: “Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolsa-da, öz daşary syýasatynda esasy abraýly halkara birlik hökmünde Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyny ileri tutýar. Biz, assosirlenen we bitarap statusymyza garamazdan, bu daşary syýasaty mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip nygtady.

Bu günki gün Türkmenistanyň soňky ýyllarda GDA boýunça hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasynyň artandygyny bellemäge ähli esaslar bar. Bu, ilkinji nobatda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlara, GDA ýurtlary üçin umumy ähmiýete eýe bolan birnäçe çäräni geçirmek başlangyçlaryna degişlidir. Ýurt ýolbaşçysynyň kararlary, 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Türkmen tarapynyň başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly çäreler we wakalar Türkmenistan bilen Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk derejesiniň çürbaşydyr. Türkmenistan bu başlyklygy öz wekilleriniň şahsynda şol birwagtyň özünde Döwlet baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşde, Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalarynda döwletleriň hemişelik ygtyýarly geňeşinde, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça komissiýada amala aşyrýar.

Taýýarlan Janmämmet Gulamow