Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

view-icon 5001

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglary hem-de mähirli sözleri üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik esasda guralýan hem-de dürli ugurlary gurşap alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi.

Ýokary wezipeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty oňyn netije berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH), Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça geçirilýän işler Türkmenistanyň Owganystany parahatçylykly ösdürmäge, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletiň sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak ýaly möhüm ugurlar bar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, ol yzygiderli esasda amala aşyrylýar hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda türkmen tarapynyň esasy nukdaýnazaryny we garaýşyny beýan edip, jenap Wolkan Bozkyra Türkmenistana sapar bilen gelendigi, şeýle hem Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygy hökmünde bu ýeke-täk uniwersal guramanyň agza ýurtlaryna, hususan-da, biziň ýurdumyza berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň Başlygynyň ileri tutýan ugurlaryny doly goldaýar.

Ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň binýadyny düzýän esasy kadalaryň amala aşyrylmagyna, hususan-da, hemme ýurtlara halkara gatnaşyklar ulgamynda deň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär.

Bu dünýäde kömege mätäç adamlary, olaryň arasynda bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goldamak, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek babatda hem şeýledir.

Durnukly ösüş maksatlarynyň öz wagtynda we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy tarapyndan gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny giňeltmek, hususan-da, halkara we sebit meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek babatda başlangyçlar öňe sürülýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz jenap Wolkan Bozkyra BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryň goldanylýandygy üçin hem minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda Baş Assambleýanyň bu ýubileý mejlisiniň dowamynda kabul edilen Kararnamalary aýratyn belledi. Olar, hususan-da, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” Kararnamalardyr.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiligi üçin esasy howplaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çagyryşlaryny hem-de Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň bu wehime garşy göreşmek we onuň ykdysady hem-de durmuş taýdan ýaramaz täsirlerini peseltmek boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmek baradaky başlangyçlaryny doly goldaýar.

Türkmenistan pandemiýa garşy dünýä derejesinde kabul edilen göreş strategiýalaryna hem-de maksatnamalaryna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzüm birlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda degişli milli meýilnamalary kabul etdi.

Häzirki wagtda dünýäniň gün tertibinde möhüm orny eýeleýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy we Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa boýunça borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigini belledi.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlykda bu resminamalara laýyklykda, milli hasabatlary taýýarlamak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan ählumumy «tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny aýratyn nygtady. Olar, hususan-da, pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Strategiýasyny işläp düzmek hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek üçin halkara «ýol kartasyny» Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda taýýarlamak boýunça başlangyçlardyr.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda milli hem-de sebit derejesinde jemgyýetçilik işjeňliginiň ähli görnüşlerinde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek we gender deňligi ugrunda uzak möhletli maksatnamalaryň çäklerinde amaly taýdan edilmeli işlere aýratyn üns berilýändigini belledi.

Hususan-da, Türkmenistan gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikinji bäşýyllyk hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Bu resminamanyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, esasan hem, «BMG — Zenanlar» düzümi, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen bilelikde Pekin Jarnamasynda we Hereketler platformasynda beýan edilen birnäçe möhüm ugurlarda degişli işler alnyp barylýar.

Sebit derejesinde Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýanyň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyny ýola goýdy.

Sebitde Gender deňligine has hem ähmiýet bermek üçin, şu ýylyň 6-njy awgustynda, Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde şol Dialogyň nobatdaky duşuşygy geçiriler.

Şeýle hem biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary kabul edildi. Şolaryň esasynda möhüm iri halkara forumlar geçirildi.

Olaryň hatarynda Durnukly ulag boýunça ilkinji bütindünýä maslahatyny hem-de energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçelgeleri boýunça geçirilen köptaraplaýyn halkara duşuşyklary görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyz jenap Wolkan Bozkyra Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde biziň ýurdumyza berlen goldaw üçin ýene-de bir gezek sagbolsun aýdyp, bu abraýly guramanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldamagy dowam etdirmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeler bilen baglylykda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunda türkmen Lideriniň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Şol başlangyçlaryň dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine hem-de goldawyna eýe bolmagy olaryň wajypdygy we zerurdygy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak bilen, öz döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar.

Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara hormat goýulýan deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanan daşary syýasy konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýermegi maksat edinýär.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany Merkezi Aziýadaky esasy strategik hyzmatdaşy hasaplaýar. Munuň şeýledigini Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy-da aýdyň tassyklaýar.

Biziň ýurdumyz goňşy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrylmagyna, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary owgan tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrýar. Türkmenistan sebitdäki oňyn ýagdaýyň berkidilmegine uly goşant goşýar, bu bolsa halkara durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça meselelere öňdengörüjilikli we jogapkärçilikli çemeleşmesine ýokary baha berýärler hem-de geljekde-de biziň ýurdumyz bilen ýakyndan bilelikde işlemegi maksat edinýärler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu hyzmatdaşlyk ählumumy abadançylyga we ösüşe, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand hem gatnaşdy.

***

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyk geçirildi. Sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi saklamak işinde biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň özboluşlylygy we ähmiýeti barada bellenildi.

Sebitde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem Türkmenistanyň netijeli orny eýeleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýetine üns çekildi. Türkmen tarapy onuň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

***

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyk boldy. Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentleriň goşandyny ýokarlandyrmak babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary wezipeli myhman ýurdumyzyň Mejlisiniň gurluş düzümi, onuň halkara we parlamentara gatnaşyklary, kanunçykaryjylyk işi, milli Liderimiziň baştutanlygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny hukuk taýdan goldamak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy.

Mejlis tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň 2021 — 2025-nji ýyllarda Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy bilen 2021-nji ýylda bilelikdäki iş Meýilnamasy esasynda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de dürli agentlikleri bilen bilelikde guralýan meýilnamalaýyn çärelere, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.

Şonuň bilen birlikde, Mejlisiň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň işine, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli hasabaty taýýarlamak boýunça işlere gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi