Ï Milli türkmen medeniýetinde balygyň keşbi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli türkmen medeniýetinde balygyň keşbi

view-icon 3492

Türkmenlerde aýda azyndan bir gezek balykly nahar iýmek öýde bereketi artdyryp, saglygy gowulaşdyrýar diýen ynanç bar. Hojalyklarynda balykçylyk esasy orny tutan Hazar kenarynda ýaşaýan türkmenleriň iýmiti köplenç balyk bolupdyr.

Mundan başga-da, türkmenler balygy kesel bejermekde-de ulanypdyrlar. Meselem, melhemli çeşmeleriň golaýynda döreýän mukaddes ýerleriň köpüsinde olara ýakyn bolansoň, keramatly hasaplanýan balyklar üçin kiçeňräk howuzlar gurlupdyr. Çeşmeler minerallaşdyrylypdyr we dermanlyk häsiýetli bolupdyr. Bu suw köp sanly näsaglara peýdaly täsir edipdir.

Gadym döwürlerde Hazar deňzinde bekre we doky balyklara hormat goýlupdyr, ýöne türkmenler aşakdaky rowaýat bilen baglanyşykly azatmaha aýratyn hormat besläpdirer. Bir gezek ýele-suwa hökmi ýörän Süleýman jadyly ýüzügini deňze oklapdyr. Ol ýüzüginiň gözlegine çykyp, şol gün awy şowlamadyk balykçylaryň ýanyna barypdyr. Süleýmanyň özi tory alyp, suwa atypdyr welin, tor balykdan doly gaýdyp gelipdir. Tora düşen balyklaryň arasynda agzynda jadyly ýüzük saklap duran azatmahy-da bar eken. Süleýman ýüzügi alyp, bu balyga minnetdarlyk bildirmek islegi bilen ony ýene deňze goýberipdir. Şondan bäri, eger bir balykçy deňizde azatmahy tutsa, ýagşylyk onuň diňe maşgalasyna däl, eýsem kowum-garyndaşlaryna-da ýar bolýarmyş. Birnäçe türkmen ertekisinde deňze goýberilen jadyly balyk soň tilkä öwrülip, baş gahrymana kömege gelýär.

Balygyň suratyna maddy medeniýet ýadygärliklerinde, Merwiň zikgelenen keramikasynda-da duş gelmek bolýar. Arheolog Ýegen Atagarryýew bu barada söz açyp, şeýle ýazýar: “Bagtyň gadymy nyşany hökmünde balygyň şekili orta asyr Türkmenistanyň zikgelenen syrçasyz we syrçaly keramikasynda giňden ýaýrandyr”.

Roman Teplaýkow